Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sekizinji sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sekizinji sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 05.09.2023
3069

Žurnalyň täze sany hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ýüzlenip aýdan ganatly sözleri bilen açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry hem okyjylara ýetirilipdir.

Neşiriň täze sanynyň baş makalasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy baradaky hoş habar buşlanylýar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli taýýarlanylan «Bilim dünýäsinde bagtly ýaşlar biz» atly makala hem okyjylary özüne çekse gerek. «Kalplary Gün kimin çoýýan sungat» atly makala bolsa Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan el işlerine bagyşlanypdyr.

«Kitap — ajaýyp dünýäniň açary» atly makala adyndan belli bolşy ýaly, awtoryň kitabyň ähmiýeti babatdaky pikir ýöretmelerinden ybarat. «Köňlümiz buýsançdan doly» atly makalada Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işine üstünlik arzuw edilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işini hem döwrebap derejede ýola goýdy. Bu babatda Geňeşde alnyp barylýan işler «Öňdebaryjy ýaşlar agzalyga kabul edilýär» atly makalada öz ornuny tapypdyr.

Neşiriň täze sanynda daşary ýurt dilinde paýlaşylýan ilkinji makala 1-nji sentýabr dabaralarynyň dürli döwletlerdäki öwüşginlerine bagyşlanypdyr.

«Ömrüň öňündäki möhüm sowal» atly makala ady bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu nähili sowal bolup biler? Makala biziň sowalymyza aýdyň jogap berýär. Ýene bir gyzykly sowal: «Iňlis dilinde gysgaldylyp ulanylýan sözler nähili many berýärkä?» Bu sowala jikme-jik jogap berýän makalanyň mekdep okuwçylary we talyplar üçin has peýdaly boljakdygyna ynanýarys.

«Sport sagdynlykdyr» atly rubrika bilen rus dilinde paýlaşylan makala Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilen sportuň täze belentliklerine çykmaga çakylyk bolup ýaňlanýar.

«Milandan Aşgabada çenli» atly makalada dünýä belli tälimçileriň Türkmenistan bilen baglanyşygy barada gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz.

Žurnalyň sekizinji sanynda dünýä halklarynyň çagalar hakdaky nakyllary hem ýerleşdirilipdir.

Iňlis dilinde taýýarlanylan iki makalanyň biri Halkara ýaşlar güni, ikinjisi bolsa ýaşlaryň zähmete bolan gyzyklanmasy barada gürrüň berýär. Neşiriň täze sanynyň jemleýji makalalarynyň biri Awazadaky ajaýyp dynç alyşa bagyşlanýar.

Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisiniň yglan edilmegi bilen jemlenilýär.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow