Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Milli Liderimiziň ähli ugurlar boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän we saglygy goraýyş babatda häzirki zaman şypahana hyzmatlaryny hödürleýän «Arçman» şypahanasyna tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary ynsan saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän döwrebap şypahananyň çäginde gondy.
Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, lukman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň şypaly suwly çeşmesiniň gözbaşyna bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli ugurlary, aýratyn-da, bu şypahananyň bejeriş ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz bu şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy barada aýdyp, onuň ägirt uly bejeriş ukybynyň bardygyny belledi we şypahananyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz şypahananyň mineral suwuny içmek üçin niýetlenen bölümine bardy hem-de dynç alýan we saglygyny berkidýän adamlar bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy. Şypahanada bolup, saglygyny berkidýän adamlar öz aralaryna gelip, adamlaryň alýan bejergileri hem-de şypahananyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
«Arçman» şypahanasynda ýola goýlan hyzmatlar, onuň bejeriş suwunyň derejesi bu ýerde saglygyny berkidýänlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýokary derejeli dynç almak, saglyklaryny berkitmek üçin bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar. Munuň özi şypahanada ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary halkara görkezijilere we saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Lukman Arkadagymyz bu bölümiň çägini giňeltmek, onda saglygyny berkidýän adamlar üçin ähli zerur mümkinçilikleri üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, bölümiň abadançylyk we arassaçylyk ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr. Bu ýerde adamlaryň şypaly suwdan içmekleri, olaryň oňaýly dynç almaklary üçin döredilýän şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir.
Mälim bolşy ýaly, «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berilýär. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy bilen bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Şypahananyň işiniň guralyşy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde saglygyňy dikeldiş ulgamynyň netijeli usuly hökmünde bejeriş bedenterbiýesine möhüm üns berilýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, şypaly suw çeşmesiniň melhemlik häsiýetleri işjeň ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň şypaly suw bilen bejeriş bölümine baryp, bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler we saglygyny berkidýän adamlara bu ýerde hödürlenýän sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu bölümiň enjamlaşdyrylyşyny häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça zerur tagallalary etmegi tabşyryp, lukman Arkadagymyz bölümiň durkuny düýpli täzelemek meselelerine garamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenýän hyzmatlar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.
Dynç alýanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ilatyň saglygyny dikeltmek we berkitmek ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, şeýle-de olar lukman Arkadagymyza özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.
Soňra Milli Liderimiz «Arçman» şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary hem-de degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary we bu babatda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Arçman» şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň mukdary, onuň çykymy ylmy esasda öwrenildi. Şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde birbada 1 müň 320 adamyň bejergi almagy üçin mümkinçilik dörär.
Şeýle hem bu ýerde «Arçman» şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň, şypahananyň durmuş üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy göz öňünde tutulýan aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary gurmak we desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Şunda ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna we çägiň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, hut şu talaplardan ugur alynmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunda şypahana düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline, olaryň uzak möhletleýin häsiýetde bolmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi taslamalary taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, şypahananyň çägini giňeltmek, bu ýerde täze sagaldyş binalaryny gurmak hem-de Arçmanyň şypaly suwuny netijeli peýdalanmak meselelerine ylmy esasda çemeleşilmelidigini belläp, lukman Arkadagymyz şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan yzygiderli öwrenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen wagtda we ýokary hil derejesinde amala aşyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Lukman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň görkezmesine laýyklykda, şu gün hormatly Prezidentimiziň egindeşleri bilen bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak we bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gelendiklerini aýtdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilmelidir.
Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda hemişe alada edýär. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň binýadydyr. Biziň her birimiziň saglyga degişli ýönekeý talaplary we barlaglary berjaý etmegimiz zerurdyr. Şeýlelikde, sagdyn durmuş kadalarynyň berk berjaý edilmegi raýatlaryň saglygynyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy, nesilleriň geljegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, lukman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Şypahana düzümleriniň döwrebap ulgamyny döretmegiň hem-de olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzda döwlet derejesinde amala aşyrylan işleriň netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini aýtdy. Şeýlelikde, «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza» we «Bagabat» şypahanalarynyň ähli mümkinçilikleri halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwürlerinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunda ýurdumyzyň şypahana düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berdi. Şeýlelikde, güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän döwrebap şypahanalarda raýatlarymyz öz saglyklaryny berkidýärler we döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.
Iş maslahatynyň dowamynda «Arçman» şypahanasynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Olar, ilki bilen, bu ýerde işlemek we halkymyza hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde «Arçman» şypahanasynyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, iňňe bilen bejeriş, ozokerit, parafin, içege we kentlewük nemlendirmek ýaly ugurlar, şeýle hem bedenterbiýe otaglary hereket edýär. Şeýlelikde, bu ugurlar melhemlik suwuň bejerişi bilen utgaşdyrylyp, adamlaryň saglygyny berkitmekde örän ähmiýetli hasaplanylýar.
Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Arçman» şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygyna we degişli desgalaryň durkuny täzelemek işlerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şunuň bilen baglylykda, birnäçe taslamalaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy.
Lukman Arkadagymyz şypahananyň binalarynyň durkuny täzelemek işlerinde we täze desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şypahananyň ähli çägi bagy-bossanlyga bürenmelidir. Aýratyn-da, gurluşyk işleri amala aşyrylanda, bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, melhem suwly çeşmesine zeper ýetirilmeli däldir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öňe sürülýän talaplary yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Şypahananyň çäginiň ähli desgalarynyň gurluşygynda we bezeg işlerinde bolşy ýaly, bu ýerde adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagyna zerur üns berilmelidir. Şunda gurulmagy meýilleşdirilýän aýmançalaryň, açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgäh zolaklarynda goýuljak oturgyçlaryň oňaýlylygy möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy esasda we bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmeklerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Uçuş mahaly Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler we obalaryň hem-de şäherleriň durkuny täzelemek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Guşuçar belentlikden täze şäheriň keşbi has-da gözel görünýär. Arkadag şäheriniň ýollarynyň gurluşygy, durmuş maksatly binalaryň ýerleşdirilişi we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň binagärlik çözgüdiniň ýokary derejä eýedigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň ikinji tapgyrynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň, ýeňil senagat boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň, şeýle hem azyk harytlarynyň önümçiligine degişli toplumyň gurluşygy meýilleşdirildi. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işlerden ybaratdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň çägini giňeltmek, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu işleriň ýokary hil derejesine we häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.