Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmuhamet Amanmuhamedowiç Annabaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowyň üstüne ýüklenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mergen Meretdurdyýewiç Gurdowy Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda çykaran 7/2-nji karary tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Seýitmyrat Orazmyradowiç Ataýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdanbeg Artyknazarowiç Piriýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenilip, ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” we “Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň çägini ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak, sanitariýa-karantin we lukmançylyk gözegçilik işlerini halkara talaplary göz öňünde tutup kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Düzgünleri tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna Düzgünleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Kararlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Karara gol çekdi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 28-nji awgusty aralygynda guramak;
okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna magistrleri taýýarlamak boýunça okuwa (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda çykaran 7/1-nji karary tassyklanyldy.