Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäheri — geljegiň şäheri
Jemgyýet
Arkadag şäheri — geljegiň şäheri
Çap edildi 30.06.2023
1966

Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forum Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hem-de agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.

Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Munuň özi tötänden däldir. Çünki kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesine — döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri, ilkinji nobatda, hut şu düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu döwrebap şäheriň, sanly we “akylly” tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy türkmen döwletiniň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, onuň ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu şäheriň gurluşygyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berildi.

Foruma gatnaşyjylar üçin täze şäher boýunça ýörite tanyşlyk gezelenji guraldy. Olar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler. Şäherde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalar halkyň hyzmatyna berildi. Hut şoňa görä-de, bu ägirt uly taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýeti we ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak, “akylly” şäher konsepsiýasyny işjeň ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri forumyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. “Akylly” şäher konsepsiýasy özünde öňdebaryjy, innowasion usullary hem-de tehniki ösüşiň oňyn çözgütlerini birleşdirýär.

Foruma gatnaşyjylar “geljegiň şäheri” diýip atlandyryp boljak Arkadag şäheriniň açylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler. Ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Myhmanlar ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar. Türkmenistan ylmy-tehnologik innowasiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyryp bilýändigini tutuş dünýä görkezdi.

Täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Binagärlik-şähergurluşyk işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Onuň çäklerinde adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap şäherler, obalar gurulýar, ähli ýerlerde sanly ulgamlar, “akylly” tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Bu işde “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, şeýle hem “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýgytlaýjy orny eýeleýär. Bellenilişi ýaly, “akylly” şäherde ulanylýan döwrebap tehnologiýalary hemmetaraplaýyn ulanmagyň zerurdygy äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, kompýuter we innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge, bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga, beden, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw mekdeplerinde bilimli, ýokary aň-düşünjeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Olar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşmalydyrlar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we “akylly” ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça täsin şäheri döretmek pikiriniň özi ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurdumyzyň geljegine strategik nukdaýnazardan garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, Arkadag şäheri adamlaryň durmuşy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde döredilen bu şäher diňe bir ýurdumyzyň obalary we şäherleri üçin däl, eýsem, goňşy sebitler üçin hem ekologik abadançylygyň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde gurlan sanly ulgam esasynda iş alyp barýan edara-kärhanalar, durmuş maksatly desgalar, döwrebap elektrobuslary we elektrotaksileri öz içine alýan ulag-kommunikasiýa ulgamy ekologik gurşawyň abadançylygyny üpjün edýär.

Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilmegi tötänden däldir. Munuň özi şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda sanly çözgütler we intellektual mümkinçilikler ulgamynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň mümkinçilikleri, “akylly” öýleriň, şäherleriň geljekki taslamalary, bilim we ylym ulgamlaryna, sanly ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Çykyşlaryň ählisinde Arkadag şäheriniň dünýäniň döwrebap şäher gurluşygynyň merjenleriniň birine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge iň jogapkärli döwlet çemeleşmesiniň aýdyň mysalyna öwrüljekdigine ynam bildirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen täze şäheriň eýýäm abraýly halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyň ençemesine mynasyp bolandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Foruma gatnaşyjylar türkmen halkyny ýurduň durmuşyndaky ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, onuň esaslandyryjysynyň hormatyna Arkadag diýlip atlandyrylan täze şäheriň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has amatly mekanlaryň birine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, bilimiň, medeniýetiň, ylmyň we giň halkara hyzmatdaşlygyň esasy merkezleriniň hem birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

“Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow