Baş sahypa
\
Sport
\
Arkadag şäheriniň sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde goşant goşýar
Sport
Arkadag şäheriniň sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde goşant goşýar
Çap edildi 29.06.2023
5552

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” şäheri – Arkadag şäherinde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde goşant goşýan sport desgalary guruldy.

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary giňden çekmek boýunça görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu maksatlar bilen, Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi döredildi, Köpugurly sport toplumy we Sport merkezi (Suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Olaryň ählisi halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol ustündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka we beýlekiler, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem fitnes, trenažýor we maslahatlar zallary bilen birlikde beýleki otaglar göz öňünde tutuldy. Sport merkezinde bolsa, suwda ýüzülýän uly howuzdan başga-da, çagalar üçin niýetlenen suw attraksionly howuz bar.

Häzirki wagtda milli futbol çempionatynda öňdeligi eýeleýän Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň döredilendigini bellemek gerek.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow