Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Medeniýet
Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Çap edildi 22.06.2023
3543

Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Halk ruhubelentliginiň baýramynyň çäklerinde dürli medeni çäreler geçirilýär.

Ilkinji günüň ajaýyp wakalaryndan biri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde geçirilen Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Döredijilik toparlary halkymyzyň däp-dessurlaryna esaslanyp iň gowy çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Türkmen halk döredijiligi ata-babalaryň mirasyny, gymmatlyklaryny we paýhasyny özleşdirip, milli hazynanyň bir görnüşine öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri dutarda saz çalýan sazandalar we aýdym aýdýan bagşylar türkmen topragynda aýratyn hormata eýe bolupdyr. Ertekiler, rowaýatlar we dürli däp-dessurlar hem aýdym görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Konsertde bagşy sazandalar, tans toparlary, meşhur aýdymçylar we ýurdumyzyň sungat işgärleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýle-de şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde baýramçylyk konsertleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda ata Watanymyzy wasp edýän milli tanslar görkezilip, ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
20.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
20.11
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
19.11
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
top-arrow