Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy
Jemgyýet
Ylym we innowasion tehnologiýalar — Watanymyzyň ösüşiniň esasy
Çap edildi 12.06.2023
1464

Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.

Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda ylmyň netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidigi, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdügi bellenilýär. Ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, ylym ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda, döwletimiziň ösmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Abraýly ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň zehinleriniň we ukyplarynyň, özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ylmy giňişlikde ýokary netijeleri gazanmaga bolan gyzyklanmalarynyň, höwesleriniň oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.

Ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýç hökmünde Türkmenistanyň häzirki durmuşynda möhüm orny eýeleýär we ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda wajyp şert bolup hyzmat edýär. Türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini artdyrmak, möhüm wezipeleriň çözgüdine, häzirki zaman ýörelgeleriniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlarynyň özboluşly işläp taýýarlamalary özünde jemleýän döwrebap, düýpli ylym binýady kemala gelýär. Ylmy mümkinçilikleriň milletiň ösüşiniň esasy ugrudygyny, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny görkezýändigini, onuň kuwwatynyň we ösüşiniň esaslaryny nazara alyp, ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlanmagyna, olaryň bilim derejesiniň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine, ylmyň we aň-paýhas mümkinçilikleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiziň ylym ulgamyna berýän goldawy ýyl-ýyldan artýar. Düýpli we ylmy-amaly barlaglary geçirmek, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň görnüşlerini artdyrmak üçin zerur şertler döredilýär.

Ugurdaş edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň işine häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol sanda internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine netijeli aralaşmak üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilýär. Ylym-bilim binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda ýaş alymlaryň täze nesli kemala geldi. Döredilýän amatly şertler türkmen ýaşlarynyň ylymda täze açyşlary, umuman, tehniki ösüşi şertlendirýän barlag işlerine bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün etdi. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda ylmy bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň jemi 1362-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, ylmy usullaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu pudaklarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir.

Seçilip alnan mowzuklaryň wajypdygyny we ähmiýetini seljerip, bilermenler topary ýokary netijelere mynasyp bolan ýaşlaryň atlaryny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 67-si ýeňijiler diýlip saýlanyldy. Abraýly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen ýaşlar bu ýerde guralan dabaranyň esasy wekilleri boldular. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş alymlary döwlet derejesinde hormatlamak olara berlen ýokary baha bolmak bilen bir hatarda, ýaş alymlaryň zehininiň ykrar edilýändiginiň, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Abraýly ylmy bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mähriban Watanymyzyň abraýynyň hem-de şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly çäre ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti bilen jemlendi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow