Bahar bilen tomsuň erňeginde okyjylar «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň bäşinji sany bilen tanyşmak, ondaky täsirli makalalary, çeper eserleri okamak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen elektron neşiriň täze sany «Türkmenmetbugat» web-saýty arkaly okyjylara ýetirildi.
Okyjylar giňişligi barha uzaýan žurnalyň täze sanyndaky ilkinji makalada hoş habar buşlanylýar. Onda ýazylyşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty döredildi. Ýaňy-ýakynda işläp başlandygyna garamazdan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen saýt dessine öz okyjylaryny tapdy.
Ilkinji makalalaryň ýene biri hormatly Prezidentimiziň geçen aýda Täjigistana amala aşyran döwlet saparyna we onuň netijelerine bagyşlanypdyr. Saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň agramly bölegi ýaşlar üçin hem iňňän ähmiýetlidir. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly döwletde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar bilen duşuşygy sapara aýratyn öwüşgin beren wakalaryň biri boldy.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda iňlis dilinde ýerleşdirilen makalada bolsa ýurdumyza ýaşlara berilýän döwlet goldawy barada nygtalýar.
Täsirli makalalaryň ýene biri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanypdyr. «Adam edebinden tanalar, ýurt ― Tugundan» atly başga bir makala hem bu baýramy wasp edýär.
«25-nji maýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da baý mazmunly, döwrebap röwüşde bellenildi» diýlip, nobatdaky makalada aýdylýar. Makala «Bilime söýginiň şäherinde bilimler baýramy» diýlip atlandyrylypdyr. Žurnalyň baş redaktorynyň galamyndan çykan makalada goşa senäniň sazlaşygyna aýratyn üns çekilýär.
Maý aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Nesil» gazeti bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň ikisiniň jemleri jemlenildi. Olaryň ýeňijilerine Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynda geçirilen dabaralaryň gurşawynda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu dabaralar baradaky täsirli makala hem žurnalyň täze sanynda okyjylara ýetirilýär. Makalalaryň ýene biri bolsa guramanyň Bilim ministrligi bilen yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşigine we onuň netijelerine bagyşlanypdyr.
Okyjylar «Dialog ― parahatçylygyň kepili: özara düşünişmegiň täze filosofiýasy» atly makaladan hem täsirli setirleri okap bilerler. Täsirli makalalaryň ýene birinde tomusky dynç alyş möwsüminde arassaçylyk tertip-düzgünleri ýatladylýar.
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ädimlerine bagyşlanan makala okyjylara rus dilinde ýetirilipdir. Makalada, esasan hem, bilim ulgamyndaky gatnaşyklara we olaryň ikitaraplaýyn bähbidine üns gönükdirilýär.
«Şäher ekologiýasy: sazlaşykly ösüş we innowasion täzeçillik» atly makalada öňe sürülýän pikir hem okyjylar üçin wajypdyr. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda halkara tejribede ekologiýa ylmynyň şäher ekologiýa ugrunyň seljerilmegi we özleşdirilmegi netijesinde tebigy we durmuş gurşawynyň sazlaşykly ýörelgesi esasynda ýörite taslamalaşdyrylyp gurulýan ekoşäherleriň sanynyň barha artýandygyny görmek bolýar. «Aşgabat ― baky baharyň pasly» atly rus dilinde paýlaşylan makala ugurdaş ýerleşdirilen goşgy bilen has täsirli çykypdyr.
Žurnalyň şu sanynda ylmy makalalara agram berilmegi onuň täzelikleriniň biridir. Şol makalalaryň birinde halkara parahatçylygy berkitmekde sportuň ornuna ähmiýet berilýän bolsa, ikinji birinde suwy gaýtadan ulanmakda innowasion taslama barada maglumat berilýär. Iňlis dilindäki makalada ýurdumyzyň himiýa pudagyny ösdürmek babatynda ýaşlaryň ylmy pikirleri öňe sürülýär.
Däp bolşy ýaly, žurnalda ylmy gözleglere we onuň netijelerine bagyşlanan makalalar toplumy hem dowam etdirilýär. Bu gezekki makalada türkmenistanly ýaşlaryň telefona, noutbuga we planşete zarýad berip bilýän daşgaby oýlap tapandygy hem-de nebiti galyndysyz çykarmakda ýaşlaryň öňe sürýän pikirleri beýan edilýär.
Žurnalyň döredijilik topary maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilen Türkmen halysynyň baýramyna-da täsirli makalalary bagyşlapdyrlar. «Magtymgulynyň edebi mirasy» atly başga bir makala bolsa akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
Rus dilinde paýlaşylan täsirli taryhy makalada türkmen serkerdesi Abdyrahman han-hanan barada täsirli maglumatlar berilýär. «Mähriban bilim ojagy» atly makalanyň awtory Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baradaky ýazgylaryna täzeçe çemeleşipdir. Bu ýazgylarda uniwersitetiň meşhur uçurymlary baradaky söhbete we olaryň aýdanlaryna aýratyn agram berilýär. Makalada soň okyjylara hut şu uniwersitetiň uçurymy, şahyr Garahanjar Baýhanowyň täze şygyrlary hem ýetirilýär.
Okyjylara «Aşgabat! Aşgabat! Aşgabatdyr ol!» atly uly göwrümli makalany hem deňinden geçirmezligi maslahat berýäris. Häzir ýurdumyzyň görnükli şahyrlarynyň biri bolup ýetişen zenan awtory Aşgabada alyp gelen ýollar ildeşlerimiziň köpüsine tanyş. Çünki Aşgabat çagalykdan gursagyňda ýaşap biler derejede ajaýyp şäher!
Ilkinji setirlerinden ahyrky nokadyna çenli okyjyny biparh goýmaýan žurnalyň täze sanynda rus dilinde ýaşlar bilen bagly gyzykly maglumatlar hem paýlaşylýar. Bu maglumatlaryň täsirinden çykmankaň hem «Ýaşlyk ömrüň baharydyr» atly başga bir täsirli makala seni täze pikirleriň jümmüşine alyp gidýär. Öňüňizde anyk maksat goýan bolsaňyz, žurnal bäşinji sanynda size oňa ýetmegiň 10 ädimini hem maslahat berýär.
Däp bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan getirilen käbir tagamlaryň taýýarlanylyşy gyzlar we öý bikeleri üçin ähmiýetli bolar. Žurnalyň ahyrky sahypalarynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Gülälek Mämiýewa neşiriň dördünji sanyndaky iň täsirli makalanyň awtory hökmünde yglan edilýär.
Owadan suratlara, kämil bezege baý žurnal ak şäherimiz Aşgabadyň tarypyny edýän şygyr we fotokollaž bilen jemlenilýär.