Baş sahypa
\
Sport
\
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Sport
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Çap edildi 03.06.2023
2622

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň sport-bedenterbiýe we sagaldyş hereketini, bu ulgamda döwletleriňdir halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmekde eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” diýlip atlandyrylan ösüşiň häzirki tapgyrynda halkyň, ozaly bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde kesgitlän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini uzak möhletleýin umumymilli strategiýa hökmünde kesgitledi.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary hem-de zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen beýleki ugurdaş desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Türgenleri, hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň, ýaryşlary geçirmegiň usulyýetleri kämilleşdirildi. Türkmenistanda Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki sport federasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda guralýan iri sport ýaryşlary, türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda milli sportuň iň başarnykly wekilleri watandaşlarymyzy iri dünýä ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri bilen begendirip gelýärler. 2021-nji ýylda türkmen sportunyň taryhyna täze aýdyň sahypa ýazyldy — Ýaponiýada geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ilkinji Olimpiýa kümüş medaly gazanyldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda-da türkmen türgenleri täze ýeňişleri gazanýarlar. Olary sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi türgenleriň ýaş nesliniň ýurdumyzyň sportuny ösdürmäge hem-de Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine goşýan goşantlarynyň ykrarnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli ýaşdaky we dürli hünärlerde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň müňlerçesini jebisleşdirýän köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň, welosipedli ýörişleriň, jemgyýetçiligi ekologik talaplary berjaý etmekde jogapkärçiligi duýmaga çagyrýan “awtoulagsyz günleriň” yzygiderli geçirilmeginiň däbe öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň ýaly çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologik abadançylygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy diňe bir şu günki wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasyna öwrülýär.

...Ir bilen çärä gatnaşyjylaryň müňlerçesi welosipedlerde Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygyna ýygnandylar. Bu ýerde Aşgabadyň binagärlik keşbine bezeg berýän “Welosiped” binasy ýerleşýär.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga beriljek ýerine hormatly Prezidentimiz gelýär. Sport baýramçylygyna gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz artistleriň we tans toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny synlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, belent sport ruhuny wasp edýän, täze ýeňişlere çagyrýan joşgunly aýdymlardyr goşgular ýaňlanýar. Orkestriň sazy uzaklara ýaň salyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, hataryň öňüni çekdi.

Welosipedli ýörişler dünýäniň dürli ýurtlarynda durmuş, sport we ekologik taslamalary hem-de başlangyçlary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açyp görkezýän halkara baýramdyr.

Türkmenistanda welosiped sportunyň taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmeginden başlanýar. Şondan bir ýyl soňra, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar guralypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bir asyrlyk taryhy bolan sportuň bu gyzykly görnüşi uly ösüşe hem-de täze many-mazmuna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna bu künjekleriň gözelligini synlady. Tomus säheriniň tämiz howasy, gök begrese bürenen Köpetdagyň etekleriniň haýran galdyryjy görnüşleri ruhubelentlik eçilip, unudylmajak täsirleri bagyşlaýar.

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, bag nahallarynyň dürli görnüşleri ekilip, tokaý zolaklary döredilýär. Bu bolsa daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramagyň we oňa aýawly garamagyň döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýer A.Ýazmyradowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen tebigaty gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Onuň täsin görnüşleri barha gözel keşbe girýän ak mermerli Aşgabadyň binagärlik toplumlary bilen sazlaşýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, belent başly edara binalarynyň we beýleki maksatly desgalaryň tutuş toplumlary guruldy. Aşgabady “Seýilgähler şäheri” diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyzyň ýaşyl zolaklary hem-de dürli öwüşginli gülleri göwnüňi göterip, gün-günden ösýän şäherimiziň ekologik abadançylygyny saklamaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gözel paýtagtymyzyň seýilgählerini hem-de seýil baglaryny kadaly ýagdaýda saklamak, şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamalydygyny belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi.

Bu ugurda geçirilýän işler dynç alýanlaryň, şol sanda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine maşgala bolup çykýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmegi, tebigatyň gözel künjeklerinde gezelenç etmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek babatda-da möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosipedi peýdalanmak maksadalaýykdyr. Mundan başga-da, welosipedde gezelenç etmek syýahatçylygyň has giň ýaýran görnüşleriniň biridir. Ýurdumyzda işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär.

Ösüp barýan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär başarnyklaryny we zehinini ulanyp bilmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda giň möçberli işleri alyp barýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk türkmenistanlylar üçin sowgatlary almaga serişdeler bölünip berildi. Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji iýunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri geçirilip, olaryň dowamynda çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygyndaky welosipedçiler kerweni Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdirdi. Ýolugra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we çärä gatnaşyjylary estrada aýdymçylary, döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen mübäreklediler. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňler toparlarynyň agzalary — tansçylar, sazandalar we aýdymçylar bar. Welosipedli ýörişe gatnaşýanlary aýdyma goşulyp, sportuň dürli görnüşlerini görkezýän talyp ýaşlar hem goldaýarlar. “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň biri bolan paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi haýran galdyrýar. Ýene-de birnäçe ýyldan onuň demirgazyk böleginde “şäher içindäki şäher” ýörelgesi esasynda taslamalaşdyrylan “Aşgabat-siti” köpugurly toplum bina ediler.

Soňky ýyllarda jemgyýetimizde “ekologik medeniýet” düşünjesi barha ýygy-ýygydan ulanylýar. Ol ählumumy durnukly ösüş, milli durmuş-ykdysady syýasat, tebigaty goramak işi, ahlak taýdan terbiýelemek ýaly ugurlarda ulanylýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy hojalygy ýöretmegiň oýlanyşykly usullaryny, önümçilikleri ylmy taýdan guramagy we ekologiýa ýetirilýän ýaramaz täsiriň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýurdumyzdaky durnukly ekologik abadançylyk bu maksada ýetip boljakdygynyň aýdyň mysalydyr. Milli ykdysadyýetiň işjeň senagatlaşdyrylýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Aşgabadyň häzirki abadanlaşdyrylan, arassa we gözel keşbi ýurdumyzyň ekologik medeniýetiň kemala gelmeginiň dünýä nusgalyk döwrüne gadam basandygyna şaýatlyk edýär.

Özüniň ýokary derejesine laýyklykda, Watanymyzyň syýasy, işewürlik, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolan ak mermerli Aşgabat iri sport merkezine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň saglygy berkitmekde, adamyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda iň gowy serişde hökmünde bedenterbiýä we sporta bolan garaýşy durmuş syýasatynda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň abadan durmuşy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi bu syýasatyň baş maksadydyr.

Welosport barada aýdylanda, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler anyk netijelerini berýär. Amatly howa şertleri we bar bolan infrastrukturalar ýylyň islendik paslynda welosport boýunça ýaryşlarydyr türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagy sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bu gün diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da giňden bellenildi. Beden we ruhy taýdan kämillige bolan hyjuw tutuş Türkmenistan boýunça sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly muşdaklaryny welosipedli ýörişe çykardy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişlerden başga-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýlelikde, şu gezekki giň möçberli çäre halkymyzyň agzybirliginiň, belent maksatlaryň ýolunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda jebisleşmeginiň ýene-de bir aýdyň beýany boldy.

Bütindünýä welosiped güni beýleki ýurtlarda-da bellenilip geçildi. 3-nji iýunda olar dürli sport çärelerini geçirdiler. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda ýurdumyzyň, beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guradylar.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow