Baş sahypa
\
Sport
\
Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
Sport
Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
Çap edildi 25.05.2023
2532

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çäräniň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli sporty dünýä derejesine çykarmak, türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaklaryny we iri sport ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty giňden wagyz etmek hem-de ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň möhüm şerti bolup, gülläp ösýän döwletimiziň binýadyny emele getirýär. Şu maksat bilen, soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary we ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen ugurdaş desgalar bina edildi hem-de gurluşyklary dowam etdirilýär. Türgenleri, hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň usulyýeti, ýaryşlary geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi.

Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, onda milli sportuň taryhynda täze sahypany açan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi türkmen sportunyň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi. Iri sport ýaryşlarynyň ýurdumyzda yzygiderli guralmagy we türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.

Häzirki günde milli sportuň iň saýlama wekilleri halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp, dünýä ýaryşlaryndaky uly ýeňişleri bilen ildeşlerimizi yzygiderli begendirýärler. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalynyň gazanylmagy ýurdumyzyň milli sportunyň taryhynda täze sahypany açdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda hem Diýarymyzyň türgenleri täze ýeňişleri bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler.

...Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze wezipeleri öňümizde goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş türgenlere iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türgenleriň öňünde sportda üstünlikleri gazanmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy barada aýratyn bellenilýär.

Şeýlelikde, güýçli we çalasyn türgenleriň ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanan, ady rowaýata öwrülen we ähli halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny döreden halypa türgenleriň ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerine şek-şübhe ýokdur. Türgenleri sylaglamak dabaralaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi olaryň ýurdumyzyň sportunyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende göterilmegine goşýan uly goşantlaryna hoşallygyň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, bu gün hem dabaraly ýagdaýda tapawutlanan we 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlaryndaky halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ilki bilen, şu ýylyň 3 — 13-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çinju şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eden türgenler çagyryldy. Şeýle hem 17 — 22-nji aprel aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde suwda ýüzmek boýunça geçirilen açyk çempionatda çykyş eden türkmen türgenleri dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Soňra şu ýylyň 23 — 30-njy apreli aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde “Ararat Kubogy — 2023” atly adaty karate boýunça halkara ýaryşlara gatnaşan türgenler, şeýle-de 12 — 15-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Aziýa Kubogy — 2023” atly halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler şowhunly el çarpyşmalar bilen sahna çagyrylýar. Türkmenistanly karateçiler bu meşhur bäsleşigiň dürli ugurlary boýunça ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar.

Türkmen türgenleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde aşihara karate boýunça şu ýylyň 4 — 7-nji maýy aralygynda geçirilen Ýewro-Aziýa çempionatynda tapawutlanmagy başardylar. 12 — 15-nji maý aralygynda Estoniýa Respublikasynyň Tallin şäherinde taekwondo boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri köp sanly medallary eýelediler. Erkin we grek-rim göreşi boýunça abraýly ýaryşlara gatnaşyp, hormat münberine çykan türgenleriň adyna hem gutlag sözleri aýdyldy. Hususan-da, Rumyniýanyň Buharest şäherinde şu ýylyň 11 — 16-njy maýy aralygynda Konstantin Aleksandrunyň we Ioan Popowiçiň hormatyna geçirilen halkara ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.

Soňra şu ýylyň 18 — 21-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde kikboksing boýunça guralan halkara ýaryşda ýeňiş gazanan türgenler sylaglanyldy. 28-29-njy aprelde Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Şu ýylyň 25 — 30-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler. 2 — 15-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Bhubaneşwar şäherinde 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasynda tennis boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmen türgeni kümüş medala mynasyp boldy. Hokkeý boýunça ýurdumyzyň ýaşlar topary Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde 17 — 23-nji aprel aralygynda geçirilen Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji “A” diwizion toparynda ikinji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 11 — 15-nji maýy aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen talyp türgenleriň arasyndaky basketbol boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň türgenler topary bürünç medaly eýeledi.

2022-nji ýylyň 21 — 30-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde paralimpiýa pauerlifting boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda medallara mynasyp bolan türgenleriň sylaglanylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Watanymyzyň aýratyn ynam bildirýän we halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýän türgenler öz üstünlikleriniň hormatyna guralan dabarada gazanan ýeňişlerine ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň, ýokary netijeli sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi we onuň ösdürilmegi, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Ýaş türgenler Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek, dünýäniň iri ýaryşlarynda Döwlet baýdagymyzy belentde parlatmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýokary netijeleri gazanan türgenleriň hormatyna Döwlet senasy ýaňlandy.

Şu günki şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow