Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Welaýatlarda lukmançylyk-durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine telekeçileriň goşandy
Jemgyýet
Welaýatlarda lukmançylyk-durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine telekeçileriň goşandy
Çap edildi 18.05.2023
2188

Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bolan dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilip, ajaýyp wakanyň toý öwüşginini artdyrdy. Olaryň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ynsan saglygy barada edýän yzygiderli aladalarynyň üstünliklere beslenýändigi uly joşgun bilen wasp edildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge niýetlenen binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Şeýle düzümlerde täzeçil tehnologiýalar, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary adamlaryň saglygynyň goraglylygyna gönükdirilýär. Türkmenistanyň häzirki zaman saglygy goraýyş strategiýasy, bir tarapdan, adamlaryň saglygyny goramaga degişli öňüni alyş çärelerini geçirmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ilaty, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beýleki tarapdan, ýokary hilli lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermekden ybaratdyr. Şu işler bilen birlikde bejeriş edaralaryny we ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şeýlelikde, Mary şäherinde açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metrdir. Bu ýerde dermanhana işgärleriniň zähmet çekmegi üçin hemme şertler döredilipdir. Täze dermanhanada bölümleriň birnäçesi we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgama birikdirilendir. Dermanhanada Türkmenistanda öndürilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemler, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bar. Olaryň ählisiniň ýokary hilli, elýeterli bahalardan halka hödürlenýändigini bellemek gerek. Işi arakesmesiz we dynç günsüz ýola goýulýan täze dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara zerur derman serişdeler bilen birlikde gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi-de ýola goýlupdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň derman senagatynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Häzirki döwürde Diýarymyzda öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen bäsleşip bilýän ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Ýurdumyzyň dermanhana işgärleri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik düýpli ylmy işlerinden maglumat alyp, ýerli ösümlik çig mallaryndan dermanlyk serişdeleriniň dürli görnüşini işläp taýýarlaýarlar hem-de olaryň önümçilik möçberini, görnüşlerini artdyrýarlar. Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge täzeçil çemeleşmeler talap edilýär. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna, hususy kärhanalara möhüm orun degişlidir.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan telekeçiler ýurdumyza derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän dünýä belli kompaniýalaryň önümlerini getirýärler hem-de anyklaýyş-maslahat beriş hyzmatlaryny, lukmançylyk tehnikasyna hyzmat etmek işlerini amala aşyrýarlar. Hususy ulgamyň wekilleriniň şeýle işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak iň belent maksadymyzdyr.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow