Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalary taryha çuňňur aralaşýar. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şu ajaýyp maý günlerinde uruş weteranlarynyň ýüreklerine tolgunma aralaşýar, uruş barada ata-babalaryndan köp zatlary eşiden adamlaryň kalbyny gussa gaplaýar. Ýeňiş türkmen halky üçin hem juda agyr boldy. Şol gazaply uruşda watandaşlarymyzyň görkezen edermenligi häzirki nesiller üçin görelde mekdebidir.
Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly häzirki türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.
Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary “Hatyra”, “Şöhrat” atly neşirlerde ebedileşdirildi.
Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, bu günki gün hem türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Entek baýram günleriniň öňüsyrasynda XX asyryň gazaply uruşlarynyň birinde gaýduwsyzlyk bilen söweşen, mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen weteranlarymyzy, şeýle hem tylda zähmet çeken zenanlarymyzy hormatlamak dabaralary başlandy. Her ýyl Beýik Ýeňşiň şanyna olara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşaldy. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uruş we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar guraldy. Baýramyň hormatyna sergiler, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli halkymyza iberen baýramçylyk Gutlagynda parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugruna gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan, gymmatly ynsanperwer taglymatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda baý durmuş tejribesi, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyzy — paýhasly ýaşulularymyzy, mukaddes ojaga wepaly eziz enelerimizi uly aladalar bilen gurşap alýarys. Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza, ýaşulularymyza uly hormat bilen garaýarys. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýäris. Eziz Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä, ula-kiçä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.
Öz gezeginde, Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlara paýhasly öwüt-ündewlerini berýärler, ýaş nesillerde watansöýüjilik, gahrymançylyk we edermenlik ýaly duýgulary ösdürmek boýunça asylly işleri alyp barýarlar.
...Ir säher bilen, asylly däbe eýerip, häzirki we geljek nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam edýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler.
Toplumyň çägindäki “Milletiň ogullary” ýadygärlik binasy Watan üçin wepat bolan gahrymanlaryň, “Baky şöhrat” ýadygärlik binasy Beýik Watançylyk urşunda, “Ruhy tagzym” ýadygärligi bolsa Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hatyrasyna bina edildi. Şu gün Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň hatyrasyna dikeldilen binanyň ýany has-da köp adamly boldy. Ol umumy halk hakydasynyň mukaddes künjegi hasaplanýar. Bu ýerde dünýäni faşizm howpundan azat eden, mähriban Watanymyzyň erkinligini goran, nurana geljegiň hatyrasyna söweşen esgerleriň gahrymançylygyna tagzym edilýär.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Ol dabaraly çäräniň başlanýandygyny yglan etdi. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň wepat bolan Watan goragçylaryna bildirýän hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen sazlar eşidildi.
Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular. Sanlyja pursatda binanyň etegi al-ýaşyl güllerden özboluşly şekili emele getirdi. Toplumyň meýdançasynda geçirilen dabaraly ýöriş çäräniň ähmiýetini belende göterdi.
Weteranlar öz Watanyna, ýurduň Prezidentine, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesle buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin duşmana garşy söweşdiler.
Şu gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Watanymyzyň edermen goragçylaryna hormatyň nyşany hökmünde milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda watandaşlarymyzyň deňi-taýy bolmadyk edermenligini şöhratlandyrmagyň, şol ýowuz synaglaryň gaýtalanmazlygynyň bähbidine ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasat uruş weteranlaryna goýulýan iň belent sarpadyr. Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly heläkçilik getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi.