Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan – Germaniýa Federatiw Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda
Jemgyýet
Türkmenistan – Germaniýa Federatiw Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda
Çap edildi 02.05.2023
1837

Ýewropanyň döwletleri bilen oňyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýewropaly möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy esas hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

Geçen ýyllarda Türkmenistan we Germaniýa giň gerimli ugurlary gurşap alýan däp bolan hyzmatdaşlyga özara hoşniýetli erki hem-de ygrarlylygyny görkezip gelýärler. Munuň subutnamasy hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge ýardam berýän dürli derejelerdäki gatnaşyklary görkezip bolar. Ine, geçen hepdede Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň dowamynda köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, onuň täze, geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek meselelerine garaldy.

Saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, şol sanda german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, bütin dünýä belli nemes kompaniýalarynyň, iri bank-maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmagyň, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzir Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary göz öňünde tutanyňda, dürli pudaklarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak, täze düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin oňaýly ýagdaýlar döreýär. Munuň üçin senagat, energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy ýaly pudaklarda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Hususan-da, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda giňeltmek maksady bilen, Germaniýada bilelikdäki ykdysady forumy geçirmek baradaky teklibe garaldy. Oňa degişli derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, sanly ulgam boýunça deslapky degişli okuw maslahatlarynyň üçüsini guramak teklip edildi.

Türkmen bazarynda Germaniýanyň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalary öňden bäri we üstünlikli işläp gelýär. Şolaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalaryny esasy öndürijileriň biri bolan “CLAAS” kompaniýasy bar. Bütin dünýä meşhur bu kysymdaky ýokary tehnologiýalary traktorlar we kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi. 2012-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda “CLAAS” kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy hem bellärliklidir. Milli obasenagat toplumyny sanlylaşdyrmak babatda häzir telematik ulgamy ulanmak arkaly ekerançylygy takyk alyp barmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk örän möhüm bolup durýar. Şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy uzak aralykdan oba hojalyk tehnikalarynyň ýerleşýän ýerine, ýerine ýetirilýän işleriň barşyna, ýangyjyň sarp edilişine hem-de beýleki görkezijilere şol pursatda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa tehnikalaryň ýerine ýetirýän işleriniň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Şeýle hem öňdebaryjy işläp taýýarlamalar “awtomatik resminamalar” işini ulanmaga mümkinçilik berýär. Traktorlardan we kombaýnlardan gelip gowuşýan ähli tehniki-ulanyş we agronomçylyk görkezijileri maglumatlar binýadynda saklanylýar. Olary işlemek we seljermek üçin emeli aň ulanylýar. Oba hojalyk pudagyna, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Nemes kompaniýasy uly isleg bildirilýän bu ugurlarda türkmen kärdeşleri bilen netijeli işlemäge taýýardyklaryny beýan edýärler.

Türkmenistanda oňaýly maýa goýum ýagdaýy bilen birlikde, özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk üçin döredilen mümkinçilikler GFR-niň işewür toparlarynyň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny şertlendirýär. “Wilo” kompaniýasy pudaklaýyn taslamalara, hususan-da, suw hojalygy ýaly möhüm ulgamda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň hyzmatdaşlyk etmäge we gatnaşmaga ymtylýandygyny beýan edýär. Bu dünýäde suw sorujy enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kompaniýalaryň biridir.

Döwrebap ugurdaş enjamlary ulanmagyň, işe täzeçil, şol sanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suwlulandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenistanda suw hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň amala aşyrylmagy bilelikde netijeli işlemek üçin giň şertleri döredýär. Bularyň ählisi suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, suwaryş ulgamlaryny zerur ulanyş ýagdaýynda saklamak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmak babatda, şeýle hem ekologiýa we “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleri nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

“Wilo” kompaniýasy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ýurdumyzda öz wekilhanasyny açmak baradaky teklibini öňe sürdi.

Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy maliýe-bank düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ulgamda sanly tehnologiýalary, elektron bankingi we beýlekileri ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurda Germaniýanyň iri banklary --“Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklary ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolup, olar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýlandyr. Şol gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, umuman, maýa goýum ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şeýle hem däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar şol gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler. Şunda bilim we ylym gatnaşyklary bilen bir hatarda, «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly sergini mysal hökmünde görkezip bolar. Iki döwletiň degişli edaralarynyň guran sergisi oňa gatnaşanlarda örän uly gyzyklanma döredip, döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhynda ajaýyp medeni waka öwrüldi. 2019-njy ýylyň mart aýynda açylan sergi uzak wagt dowam edip, Germaniýanyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny ýurdumyzyň muzeý gaznalarynyň özboluşly gadymy gymmatlyklary bilen tanyşdyryp, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Elbetde, uzakmöhletleýin esasda ösdürilýän saglygy goraýyş ugry boýunça üstünlikli gatnaşyklar hem netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň nusgalyk mysaly bolup hyzmat edýär. Bu uly we toplumlaýyn bilelikdäki işler täsir galdyryjy netijeleri berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda gurlan häzirki zaman lukmançylyk edaralary GFR-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilendir. Hünärmenleriň özara saparlary, geňeşmeler, duşuşyklar we maslahatlar bilen birlikde, ýurdumyzyň we Germaniýanyň lukmanlarynyň gatnaşyklaryna yzygiderli häsiýet mahsusdyr.

Hususan-da, şu ýylyň ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça X Türkmen-german forumy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler hem-de ony dowam etmegiň möhüm ugurlaryna garadylar. Lukmançylyk ylmy we işi babatda netijeli tejribe alyşmak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täzeçil tehnologiýalary, işläp taýýarlamalary we dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň usulyýetleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Bir söz bilen aýdylanda, döwletara hyzmatdaşlygynyň köptaraply mümkinçiligi hem-de taraplaryň şol mümkinçiligi has doly ulanmaga bolan ymtylmalary gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, uzakmöhletleýin geljegi nazarda tutup, onuň möhüm ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şeýle hem bu baradaky mesele türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Atçylyk toplumyna baryp gördi. Häzirki döwürde türkmen-german hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary öz içine alyp, ösüşiň täze derejesine çykdy. Atçylyk pudagy şol ugurlaryň biridir. Germaniýaly atşynaslar Türkmenistanda – ahalteke bedewleriniň Watanynda ýygy-ýygydan bolup, bu gadymy tohumyň gelip çykyş taryhy, olaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanýarlar. Şeýle hem GFR-iň wekilleri 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa saparynyň ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda bolandygy bellärliklidir. Atçylyk toplumynyň ýolbaşçysy atçylyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de pudagyň Germaniýadaky hünärmenleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanda giň gerimli uly dabaralar guralýar.

Gahryman Arkadagymyz toplumda bolmagynyň barşynda bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, nemes tohum atlarynyň aýratynlyklary, olaryň saklanylyşynyň şertleri bilen gyzyklandy. Geçirilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleriniň täsin syn-syraty, olaryň häsiýetiniň tapawutly aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, germaniýaly atşynaslar we hünärmenler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmelidigi barada pikirini aýtdy. Munuň özi iki ýurtda-da, pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hyzmat eder.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň täsin künjekleriniň birinde, atlaryň özboluşly ahalteke tohumlarynyň dörän ýerinde gurlan täze Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara çagyrdy. Onuň merkezinde ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň – dünýä rekordlaryny goýan bedewiň heýkeliniň bina edilendigi bellärliklidir. Täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy ýurdumyzda “ganatly bedewlere” neneňsi uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäheri umumy keşbinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazananlaryny beýan edýär. Şonuň bilen birlikde, ol ýurdumyzyň iri ylym-bilim we medeni merkezi bolmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, onuň gurluşygy ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyklykda, “akylly” şäher kadalaryny, sanly interaktiw we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly binagärligiň hem-de şähergurluşygyň öňdebaryjy usullarynyň esasynda amala aşyrylýar. Bularyň ählisi täze şäheri netijeli halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwürmek üçin hemme şertleri döredýär.

Ahalteke bedewleriniň hakyky janköýeri we olara uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň gadymy atçylyk däplerini gorap saklamak, öwrenmek we dowam etmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň başyny başlaýjy Gahryman Arkadygymyz toplumyň ýolbaşçylaryna öz kitaplaryny hem sowgat berdi. Şol kitaplarda behişdi bedewleriň gelip çykyşy we taryhy, olary terbiýelemegiň we eldekileşdirmegiň hem-de çapyşyklara taýýarlamagyň usullary barada, bu ulgamda ýurdumyzyň atşynaslarynyň hem-de seýisleriniň köpasyrlyk tejribeleri dogrusynda giňişleýin maglumatlar jemlenendir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň däp bolan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge ikitaraplaýyn maksat edinýändikleri nobatdaky gezek tassyklanyldy. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun we itergi berer.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow