Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda
Syýasat habarlary
Türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda
Çap edildi 29.04.2023
1399

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy toplumyň dolandyryjysynyň orunbasary mähirli garşylady.

Bu toplumyň örän baý taryhy bar we häzirki döwürde oňa atçylyk pudagynda uly işleri bitiren Konrad Şumaher ýolbaşçylyk edýär.

Häzirki wagtda däp bolan türkmen-german gatnaşyklary uly ösüşe eýe boldy. Muňa ýokary we beýleki derejelerdäki netijeli gatnaşyklar gönüden-göni ýardam berýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giň ugurlary öz gerimine alýar. Atçylyk pudagy şol ugurlaryň biridir. Germaniýaly atşynaslar Türkmenistanda — ahalteke bedewleriniň Watanynda ýygy-ýygydan bolup, bu gadymy tohumyň gelip çykyş taryhy, olaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanýarlar.

Atçylyk toplumynyň wekili öz adyndan hem-de germaniýaly atşynaslaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şunuň ýaly ajaýyp baýramy esaslandyran dünýäde ýeke-täk ýurt bolup, bu şanly sene mynasybetli her ýyl uly dabaralar geçirilýär.

Soňra toplumyň dolandyryjysynyň orunbasary belent mertebeli myhmana bu ýerde idedilýän atlaryň german tohumyna degişlidigini aýdyp, olaryň saklanyş ýagdaýy we atçylyk pudagyna degişli hünärmenleriň bu ugurdan alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem ol atlara aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Liderini german topragynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň athanalaryny synlady we bu ýerde bedewlere ideg etmek üçin döredilen şertler, atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hünärmenler german tohumyndaky bedewleriň özboluşly aýratynlyklarynyň bardygyny, olaryň häsiýetleriniň tapawutly taraplary barada gürrüň berdiler. Bedewlerde ynsan tebigatyna meňzeş ýakynlyk bar. Bu bolsa hünärmenleriň atlar bilen gatnaşygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki meýdança baryp, hünärmenleriň haýyşy boýunça olar bilen gara reňkli bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Şeýle hem bu ýerde toplumyň çäginde ideg edilýän bedewleriň birnäçesiniň görkezilişi boldy. Gahryman Arkadagymyz bedewleri synlap, olara edilýän idegiň talabalaýykdygyny belledi we ideg işleriniň derejesine ýokary baha berdi.

Atçylyk toplumynyň dolandyryjysynyň orunbasary Klaudia Henze hem-de toplumyň weterinary, atlaryň idegine we türgenleşdirilişine gözegçilik edýän hünärmen Ýanika Şumaher bu ýerde atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we at çapyşyklaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz atlary seýislemegiň, olary çapyşyklara taýýarlamagyň we bedewleriň baş sanyny artdyrmagyň asylly işdigini belledi.

Toplumda işleýän birnäçe atbakarlar, çapyksuwarlar hormatly Arkadagymyz bilen ýadygärlik surata düşmegiň özleri üçin belent mertebedigini aýratyn nygtadylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen bolan gürrüňdeşlikde ýurdumyzda bedewiň sarpasynyň belent tutulýandygy we bu ugry ösdürmek boýunça döwlet derejesinde tagalla edilýändigi barada gürrüň berdi. Biziň ýurdumyz germaniýaly atşynaslardyr hünärmenler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýar diýip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda bilelikdäki işler iki ýurtda hem pudagyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam berer diýip belledi.

Häzirki döwürde dünýäde dürli tohumdaky atlaryň, şol sanda ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmegine, olaryň dürli ugurlar boýunça taýýarlanylmagyna zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dürli ugurlar boýunça atçylyk pudagyny ösdürmek, hususan-da syýahatçylyk, atly gezelençleri guramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe kitabyny bagyşlady. Bu ajaýyp eserleriň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi giň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň wepaly hemrasy hem-de dosty bolan behişdi bedewleriň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow german atşynaslary bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanda däp bolan at çapyşyklary bilen bir hatarda, atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň okgunly ösdürilýändigini, olara uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Munuň özi atçylyk sportunyň milli mekdebini kämilleşdirmäge, onuň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär. Ençeme iri halkara bäsleşikleriň hem-de festiwallaryň ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzda hem, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir.

Bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu forum dünýäniň dürli ýurtlarynyň atşynaslary, ugurdaş hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewleriň muşdaklary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň meýdançasyna öwrüldi. Mejlisiň jemleri jemlenende, onda ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna deglip geçilendigi, munuň bolsa netijeli hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi pudakda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikleri şertlendirýär, täze teklipleri we pikirleri işläp taýýarlamak üçin itergi berýär. Şeýle-de ol ýurdumyzyň, daşary ýurtly atşynaslaryň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly atlar dakyldy. Bu bolsa atçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly goşant goşýan hünärmenleriň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda ahalteke bedewleriniň beden gurluşynyň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bedewleriň ahalteke tohumynyň dörän ýerinde täze şäher guruldy. Onuň merkezinde ady rowaýata öwrülen — dünýä rekordsmeni Akhan atly bedewiň heýkeli oturdyldy. Täze şäherde Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýändiginiň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, germaniýaly atşynaslary Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň birinde berkarar bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň ýolbaşçylaryna özüniň behişdi bedewlere bagyşlan kitaplaryny sowgat berip, bu eserlerde ahalteke bedewleriniň taryhyna, gelip çykyşyna, bedewleri at çapyşyklaryna taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işlere degişli hem-de türkmen seýisleriniň bedewleri taýýarlamak boýunça taryhyň dowamynda toplan tejribesi barada giňişleýin maglumatlaryň getirilýändigini belledi.

Germaniýaly atşynaslar gymmatly sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu kitaplaryň hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüljekdigini nygtadylar. Olar pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem Türkmenistanyň atşynaslaryny, ähli halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen hoşlaşyp, olara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow