Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary
Jemgyýet
Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary
Çap edildi 27.04.2023
1257

Şu gün ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýaýbaňlandyryldy.

Diýarymyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine guralýan at çapyşyklary baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Şu ýyl baýramçylyk çapyşyklary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýär. Ahalteke bedewleriniň kuwwatyny, ýyndamlygyny we çydamlylygyny ýene bir gezek görkezýän at çapyşyklary düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçirilenden soňra, täze görnüşe eýe bolan Daşoguz atçylyk sport toplumynda guraldy.

Türkmen halky dünýä atlarynyň arasynda iň owadanlarynyň we çeýeleriniň biri hökmünde ykrar edilen hem-de arassa ganlylygy bilen meşhur bolan milli gymmatlyga — ahalteke bedewlerine buýsanýar. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy täze belentliklere göterilýär. Türkmen halkynyň uçar ganaty hasaplanylýan bedewler adamlaryň buýsanjyny artdyrýar we ruhuny göterýär. Halkymyzyň “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy!” diýen paýhasly jümlesi ýelden ýüwrük bedewlere bolan ynsan gatnaşygynyň häsiýetini özünde jemleýär.

Bu ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelen zähmetsöýer seýisler gözelligiň we kämilligiň hakyky nusgasyny döredip bilipdirler. Häzirki döwürde-de behişdi bedewleriň özboluşly beden gurluşyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak işleri döwrebap derejede dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhraty has-da belende galdy. Döwlet derejesinde goldaw berilmegi bilen, milli atşynaslyk ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Onda halkymyzyň milli mirasy, medeniýeti, taryhy tejribesi, zähmetsöýerligi, döredijilik işjeňligi we belent ruhy öz beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda pudagyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan atçylyk sporty boýunça türgenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Türkmen türgenleri, çapyksuwarlar halkara derejede geçirilýän çapyşyklara, atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen konkur ýaryşlarynda türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.

Häzirki döwürde bu işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegine, halkara ýaryşlary geçirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurluşygyna, milli atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda milli at çapyşyk däplerini sazlaşykly ösdürmäge, seýisleriň, çapyksuwarlaryň we atbakarlaryň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman atçylyk toplumlary guruldy.

Daşoguz welaýatynda bina edilen atçylyk sport toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 50 gektardan gowrak bolup, onda 3 müň orunlyk tomaşaçy münberiniň gurlandygyny bellemek gerek. Toplum dürli maksatly desgalaryň 38-sini özünde jemleýän şäherçe bolup durýar. Onda atçylyk sport ýaryşlaryny, türkmen çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän çapyşyklary guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şeýle hem toplumyň çäginde her biri 50 bedewe niýetlenen athanalaryň 4-si, manež, türgenleşik meýdançasy, bedewler üçin niýetlenen suw howzy, zerur bolan weterinar kömegini bermek üçin karantin bölümi bar.

Bu ýerde hyzmat edýän işgärler we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Onsoňam toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen 500 orunlyk toý mekanynyň, awtoduralganyň, çagalar üçin sport meýdançasynyň bardygyny bellemeli. Türkmen ak öýleriniň görnüşinde döredilen ak mermerli pawilýonlaryň 6-sy dürli baýramçylyklary, maslahatlary geçirmäge, sergileri guramaga niýetlenildi. Şeýle hem bu ýerde 800 orunlyk tomaşaça niýetlenen tomusky konsert meýdançasy we maslahatlar zaly bar.

Çapuw ýodasy dolulygyna täzelendi. Ol iki görnüşli çagyllaryň birnäçe gat düşelmegi arkaly berkidildi. Onuň ýokarsyndan ýokary tehnologiýaly geotekstil düşeldi. Ahal welaýatynyň çäginden getirilen kwars çägesi çapyşyk ýolunyň soňky örtügi boldy. Şunuň ýaly serişdeleriň sazlaşykly düşelmegi bedewleriň toýnaklaryna we olaryň bogunlaryna düşýän agramy peseldýär. Şeýle hem çapyşyk ýoluna düşelen serişdeleriň dykyzlygy, berkligi ýoluň uzak möhletleýin esasda ulanylmagyny şertlendirýär. Howanyň çygly wagtynda bedewleriň toýnaklarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berýän bu serişdeleriň ekologik taýdan arassadygyny, atlar we çapyksuwarlar üçin hiç hili zyýanly täsiriniň ýokdugyny bellemeli. Geçirilen işleriň barşynda atçylyk sport toplumynyň esasy derwezesi we germewleri döwrebaplaşdyryldy, tomaşaçylar münberleriniň oturgyçlary çalşyldy.

Döwrebaplaşdyryş işleriniň dowamynda toplumyň girelgesi abatlanyldy. Bedewleriň şekilleri oturdylan desgalaryň diwarlaryna bezeg serişdeleri ýerleşdirildi. Toplumyň dürli gatlarynda VIP münberler bar. Onuň penjirelerinde, gapylarynda, şeýle-de toplumyň dürli binalarynyň we münberleriniň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleri ulanyldy, çapyşyk ýolunda LED ekranly monitor oturdyldy. Şeýle hem toplumyň ähli çägi abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Bu ýerde köp sanly güller, dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy, çapyşyk ýolunyň içki tarapynda tutuşlygyna gök zolak döredildi.

Daşoguz atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus bolan giň gerimli hem-de bezegli häsiýete eýe boldy. Baýramçylyga gelen köp sanly myhmanlar welaýatyň belli estrada artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, tans we folklor toparlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary bilen garşylanyldy. Bu ýerde geçirilen at çapyşyklarynda ajaýyp bedewler özleriniň ýyndamlygyny görkezdiler. Bu gezekki at çapyşyklary ussat atşynaslary we seýisleri, sportuň bu milli görnüşiniň köp sanly janköýerlerini özünde jemledi.

Nobatdaky möwsümiň açylýandygyny alamatlandyrýan çapyşyklaryň maksatnamasy boýunça 8 çapyşyk geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gyzykly bäsleşikler guraldy. Birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ýetginjek çapyksuwarlar üçýaşar bedewlerde 1 müň metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geçen çapyşykda ýetginjek çapyksuwar B.Çäşemow Aýjahan atly bedewde birinji gelmegi başardy.

Soňky alty çapyşygyň hemmesiniň menzili 1 müň 800 metr boldy. Bu çapyşyklarda dört we ulyýaşar bedewler bäsleşdiler. Oňa ýurdumyzyň her welaýatyna hem-de Aşgabat şäherine degişli bolan bedewler gatnaşdyryldy. Ahal welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen at çapyşygynda Köpetdag atly bedewi bilen çapyksuwar Y.Saparow, Balkan welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Şöhratly atly bedewi bilen çapyksuwar B.Agamyradow, Daşoguz welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Dorhan atly bedewi bilen çapyksuwar G.Begliýew, Lebap welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Guwanjym atly bedewi bilen T.Taýlyýew, Mary welaýatynyň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Dorbegler atly bedewi bilen çapyksuwar S.Söýenjow, Aşgabat şäheriniň uly ýaşly çapyksuwarlarynyň arasynda Gerçek atly bedewi bilen çapyksuwar N.Azadow ýeňiji bolmagy başardy.

Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Bije esasynda bu gezekki ýaryşa gatnaşjak bedewler seçilip alyndy. 1 müň metr aralyk boýunça guralan çapyşykda Mary welaýatyndan çapyksuwar B.Rozyýewiň çapan Edepli atly bedewi birinji gelmegi başardy.

At çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda degişli baýraklar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baş baýraga — Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy bolan “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagyna jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi, halypa çapyksuwar B.Rozyýew mynasyp boldy.

Çapyşyklarda ýeňiji bolanlar we beýleki gatnaşanlar atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň yzygiderli dowam etdirilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de ajaýyp ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralar dowam edýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow