Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 20.04.2023
2650

Şu gün Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Irden Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasyna geldi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, şu günki mejlisiň döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň düzümine girýän milli parlamentiň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalaryny saýlawlarda ýeňiş gazanmaklary bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen hem türkmenistanlylary, mejlise gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze düzümdäki mejlisiniň işine üstünlik arzuw etdi.

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli işleri alyp barýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we döwlet häkimiýet, dolandyryş edaralarynyň işiniň adam bähbitli tagallalarda jemlenip, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýändigini nygtady.

Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde, şeýle hem jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde bu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanmagy makul bildik. Bu tejribäni döwrebaplaşdyryp, ýurdumyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeleri, uzak möhletli döwür üçin strategik maksatlarymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze düzümi bilen ara alyp maslahatlaşmaly diýen karara geldik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, geljegimiz hakynda pikirlenmek we her bir işe döredijilikli çemeleşmek möhümdir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmegiň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidigini belledi.

Mejlise gatnaşyjylar dürli hünärli, ýokary bilimli we taýýarlykly Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarydyr. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesini görkezýän möhüm syýasy waka boldy. Bu saýlawlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütinleý täze eýýama ynamly gadam basandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Demokratiýany ösdürmek — raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlygydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady we pursatdan peýdalanyp, geçirilen saýlawlara işjeň gatnaşandyklary üçin, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryna bolsa berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çykyşyň dowamynda bellenilişi ýaly, bu gün ýurdumyz öz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly gadam basdy. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy gazananlaryny saklap galmak bilen birlikde, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak biziň her birimiziň baş wezipämizdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin agzybirligimizi we bitewüligimizi pugtalandyryp, döwrebap ýaşamagymyz, okamagymyz we zähmet çekmegimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryndan gelip çykýan taryhy zerurlykdyr. Agzybir halkymyz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk tutanýerli zähmet çekip, ata Watany gülletmegiň, ony dünýäde iň abraýly ýurda öwürmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Bu taglymat bolsa täze eýýamyň ideologiýasynyň esasyny düzmek bilen, täze taryhy döwürde merdana halkymyzy beýik üstünliklere galkyndyrmaga giň ýol açýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Her bir işe yhlas bilen ýürekden ýapyşyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlarymyzy has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak biziň öňde goýan esasy wezipelerimizdir.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekde, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmekde, abadan we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýetilen sepgitler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýip beýan edilen kadalaryň bir maksada gönükdirilip, durmuş hakykatyna öwrülmegi ugrunda bitirilen bimöçber işleriň netijeleridir.

Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamlarynyň emele getirilendigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk, üpjünçilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, işgärler düzüminiň kämilleşmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Biziň üstünliklerimiziň esasy açary hem şundan ybaratdyr diýmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri geçilen menzilleriň, bitirilen işleriň şu günümiziň we geljegimiziň beýikdigini ykrar edýändigini nygtady.

Biz ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirdik. Şunda ähli serişdeleriň (tebigy, maliýe, zähmet) netijeli ulanylmagyna, öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň döredilmegine, dolandyryş işiniň netijeli usullarynyň öwrenilmegine, eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berdik. Netijede, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat mümkinçiliklerimizi giňeltmek, iş ýerleriniň döredilmegini gazanmak bilen ýaşaýşyň täze derejelerine çykdyk.

Biz dünýäniň iri kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrdyk. Amatly geosyýasy we ykdysady şertlerde ýerleşen ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklere eýe bolan berkarar döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tutýan ornuny pugtalandyrdyk. Şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly taslamalary özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirmäge ukyply döwlete öwrülmeginiň üpjün edilendigi nygtaldy. Döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy baradaky aladalar biziň ählimiziň borjumyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Biz hem şol gadymy ýolumyzy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň birnäçe parasatly sözlerini we halk nakyllaryny mysal getirdi. Türkmenistanda «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary esasy şygarlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri sagdyn jemgyýetiň gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýandygyny belledi. Ýakynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda türkmenistanlylaryň saglygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.

Innowasion tehnologiýalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, ugurdaş edaralaryň giň ulgamy we olaryň hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmegi gysga wagtyň içinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, keselçiligi pese düşürmäge we ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer kadalaryna hem-de halkara talaplara laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk ruhunda terbiýelemek barada köp alada edilýär. Çagalaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Eneligi we çagalygy goramak «Saglyk» Döwlet maksatnamamyzda kesgitlenen möhüm ugur bolup durýar.

Ata-babalarymyzyň howandarlyga mätäçlere goldaw bermek bilen bagly asylly däplerinden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi, biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly syýasatyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir. Indiki wezipämiz ýurdumyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ornunyň uly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, döwlet ähmiýetli özgertmeleri geçirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga halk köpçüligi giňden çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meseleler boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň, maslahatlary bermegiň, agzybirligimizi, jebisligimizi, asudalygymyzy berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýandygy aýdyldy.

Halk Maslahaty öňde durýan wezipeleri çözmekde — döwleti dolandyrmakda, halkymyzyň agzybirligini saklamakda, ýurdumyzy kuwwatlandyrmakda, ony dünýä tanatmakda täsirli mekdep bolmalydyr.

Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu jemgyýetçilik-syýasy waka halk bilen häkimiýetiň bitewüligini berkitmekde, demokratik kadalary kämilleşdirmekde nobatdaky möhüm ädimdir. «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimiziň dowamydyr.

Içeri we daşary syýasatdaky galkynyşlarymyz, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy meniň yhlasymyň, gije-gündizki aladalarymyň ýerine düşendigine kepil bolýar. Men muňa örän guwanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edara döredilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, öňde duran esasy wezipelere ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň çäklerinde Prezidiumyň mejlisleriniň yzygiderli geçiriljekdigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ata-babalarymyzyň hem eýeren, biziň döwletliligimiziň esaslaryny düzýän, milliligimize mahsus kadalara esaslanýandygy, bu kadalaryň demokratiýadan, aýanlykdan, adalatlylykdan, kanunyň hökmürowanlygyndan, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdygy bellenildi.

Elbetde, Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Halk Maslahatynyň işiniň käbir esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Ilkinji nobatda, bu edara döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna we «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgämize eýerip, halkara soraglara degişli köptaraplaýyn işleri geçirmelidir, döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegine, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biriniň dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekden hem-de giňeltmekden ybaratdygy bellenildi. Abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyga uly üns bermegiň wajypdygy barada hem aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biziň ýurdumyza sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlary we usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Biziň baş wezipelerimiz türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy has-da pugtalandyrmakdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramakda we berkitmekde, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakda maşgala gymmatlyklarynyň ornunyň uludygy bellenildi. Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr, Mejlisiň deputatlary bolsa ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.

Halk Maslahaty häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini ýüze çykarýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenmegi, ýurdumyzda geçirilýän özgertmelerden habarly bolup, ilat arasynda, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini geçirmekleri zerur bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Şunda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Olar halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýlip hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekiliniň üstüne ýüklenendigini belledi. Şeýle hem ilaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi bilen tanyşdyrmak üçin internet saýtynyň döredilendigi bellenildi.

Amala aşyrylýan işleriň ählisi türkmen döwletiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny goldamaga, geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň — Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny, onuň işiniň tertibini, agzalarynyň we wezipeli adamlarynyň işiniň hukuk esaslaryny, tertibini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýän Türkmenistanyň kanunçylygy hereket edýär. Milli kanunçylykda bu edaralara örän giň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

“Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu edaralar welaýat, etrap, şäher häkimlikleri bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.

“Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary, ýagny welaýatda — welaýat halk maslahaty; welaýat hukukly şäherde — şäher halk maslahaty; etrapda — etrap halk maslahaty; etrap hukukly şäherde — şäher halk maslahaty döredilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň esasy ygtyýarlyklaryny belledi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda iň mynasyp, zähmeti, şahsy görüm-göreldesi bilen tapawutlanan adamlar saýlandy.

Wagt öňe tarap hereket edýär. Türkmenistan hem yzygiderli ösüşiň, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Şunuň bilen baglylykda, halk maslahatlarynyň täze agzalarynyň öz işlerini döwrüň talabyna laýyk guramaklary üçin Türkmenistanyň Mejlisi olara ýardam berip durmaly. Olar bilen okuw maslahatlary gurap, degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuwlary geçirmeli. Türkmenistanyň Mejlisi Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Kanuna laýyklykda, halk maslahatlarynyň işini kämilleşdirmek meselesine seretmeli.

Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri azyk howpsuzlygy, tebigaty goramak, ilatyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň elmydama üns merkezinde bolmalydygyny nygtady.

Mundan başga-da, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmelidigi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň ýokarlandyrylmalydygy bellenildi. Olar öz işinde düzüminde hormatly ýaşulular bolan raýat jemgyýetiniň özboluşly mekdebine daýanmalydyr.

«Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda çäk, jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary baradaky kadalar beýan edilýär. Hususan-da, öz-özüňi dolandyryş edaralary jemgyýetçilik başlangyçlarynda, degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerinden ugur alyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek maksady bilen döredilýär.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, kanunçylygymyzda kesgitlenilen bu edaranyň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi ýerlerde Geňeşler bilen degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuw-maslahatlary yzygiderli gurap durmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary obadaky işjeň adamlar, mekdepleriň mugallymlary, medeniýet işgärleri bilen bilelikde ilatyň arasynda düşündiriş we terbiýeçilik işlerini geçirmelidir, oba ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamalydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenler «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, her bir işi maslahatlaşyp çözmelidigini, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Türkmenistanyň Mejlisine öz çäklerini ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça has ähmiýetli teklipleri garamaga bermelidigini nygtady.

Milli parlamentiň deputatlary jemgyýetimiziň durmuşynyň, ondaky wakalaryň jümmüşinde bolmalydyrlar, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda bolup, ýygy-ýygydan duşuşmaly we gürrüňdeş bolmalydyrlar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek üçin peýdaly maglumatlary berjekdigine hem-de täze kabul edýän kanunlarymyza, geçirýän özgertmelerimize işjeňlik häsiýetini berjekdigine pugta ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky käbir garaýyşlaryna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşmak, ýurdumyzda we sebitde pugta durnuklylygy, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üpjün etmek wezipeleri bar. Şunuň bilen birlikde, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmegiň, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere gönükdirilen maksatnamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegi hem-de alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmegiň we ilata giňden düşündirmegiň wajypdygyny nygtady.

Bu edaralaryň gözegçilik ygtyýarlyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribä laýyklykda doly seretmegiň hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny, maliýe üpjünçilik we eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemek üçin degişli işleri geçirmegiň, ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Şu wezipelerden ugur alyp, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň işini guramagyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek hem-de olaryň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmek möhümdir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hökümet ýerine ýetiriji häkimiýetiň tutuş ulgamy üçin jogapkärçilik çekýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň Hökümetiniň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, onuň her bir agzasynyň şahsy jogapkärçiligini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işiniň sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmalydygy aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kadalaşdyryjy hukuk namalaryny wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidir. Ýurdumyzda kabul edilen Maksatnamalarda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Arkadag şäheri munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şu günler bu şäheri dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirýär.

Ýakynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, şäheriň düzüminde Kärizek hem-de Gorjaw etraplary döredildi diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin uly möçberlerde maýa goýumlar gönükdirilýär.

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip belledi. Bu işiň üstünlikli amal edilmegi bolsa şähergurluşyk işi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki zaman şähergurluşygy ykdysady işiň örän çylşyrymly görnüşleriniň biri bolup, onda dünýäniň ösüş meýillerini we jemgyýete mahsus bolan milli aýratynlyklaryň özara sazlaşygyny gazanmak zerur bolup durýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Bu işiň ýene bir tapawutly tarapy onuň ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň kepilleriniň biri hökmünde çykyş etmegidir. Bu ugurdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň esasy kepili bolsa döwrebap kanunçylykdyr. Ýaňy-ýakynda kabul edilen «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde we onuň etraplarynda Arkadag şäheriniň halk maslahaty we onuň etraplarynyň halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýarlar. Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň tertibi Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara hem-de Türkmenistanyň Mejlisine

Arkadag şäheriniň we täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly işleri guramagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy, halkymyza, Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň işinde bu meselä hem aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Biziň ýurdumyzda dürli tebigy baýlyklaryň, çig mal serişdeleriniň örän uly gorlary bar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we olaryň halkymyzyň hyzmatyna, bähbitlerine gönükdirilmelidigini, goralyp saklanylmalydygyny hem-de geljekki nesillere ýetirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli baýlyklarymyzy, çig mal serişdelerimizi senagat taýdan özleşdirip, netijeli ulanmak, dünýä bazarlaryna diňe bir çig mal bilen däl-de, taýýar önümler bilen çykmak üçin zawodlary, fabrikleri, beýleki senagat desgalaryny, köprüleri, howa menzillerini, demir ýollary, awtomobil ýollaryny gurmagy ýene-de dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny, himiýa, elektroenergetika, nebitgaz senagatlarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, olary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli soraglary çözmäge gönükdirmelidiris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hem hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bir palataly parlamentiň parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, nygtalyşy ýaly, milli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek üçin möhümdir. Halkara tejribeden ugur alyp, Mejlisiň deputatlary kanunçylyk namalaryny yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ähli işlerde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur alynmalydygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Sebäbi halkymyzyň bähbitleri döwlet häkimiýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz aýdylanlary jemläp, alnyp barylýan ähli işleriň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny goramaga, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň parahat, abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň agzalarynyň her biri bu möhüm işlere öz mynasyp goşandyny goşmalydyr, ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşmalydyr.

Geljekde alnyp baryljak işleri has-da kämilleşdirmek, netijeliligini artdyrmak ugrunda degişli teklipleri taýýarlap, ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ibermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, halkymyzyň isleg-arzuwlary esasynda 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berildi. Munuň özi Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr.

Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürjekdigimize, siziň her biriňiziň Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün edýän işlerden çetde durmajakdygyňyza, ähli ukyp-başarnygyňyzy halkymyza hyzmat etmäge gönükdirjekdigiňize pugta ynanýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Birleşen tagallalarymyz, agzybirlikli we yhlasly zähmetimiz netijesinde, ata Watanymyzy gülledip ösdürip, şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak, geljek nesillerimize nusga boljak işleri bitirip bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol bu günki geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň uly ähmiýetini aýratyn nygtady.

Wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet işgäri hökmünde köp ýyllyk terjibesini paýlaşandygy, mejlisde çuň manyly çykyş edendigi hem-de öz öňlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm wezipeleri goýandygyny belläp, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara gatnaşyklarda taryhy ösüşlere eýe bolup, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Daşary işler ministri şu günki wakanyň möhümdigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň döredilendigini, onuň düzüminiň kesgitlenendigini belledi.

Bu ýokary wekilçilikli edaranyň halkymyzyň jebisligini berkidýän güýçdügini nygtap, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, onda möhüm wezipeleriň kesgitlenilmegi türkmenistanlylaryň kanuny bähbitlerini goramaga, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge, uly ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň hukuk esaslaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Mejlisiň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu günki mejlisde milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça öňe süren asylly başlangyçlaryndan ugur alyp, parlamentiň deputatlarynyň bu ugurdaky işleri, halkara kadalara laýyklykda, netijeli dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty K.Babaýewe söz berildi. Çykyşda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu mejlisiň barşynda öňe süren anyk teklipleri döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygyny üpjün eder, iň esasysy bolsa halkymyzyň kanuny bähbitlerini mundan beýläk hem gorar. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ilatyň arasynda taryhy başlangyçlaryň ähmiýetini giňden düşündirmek, adamlaryň pikirlerini diňlemek möhüm işler hökmünde kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek işlerinde umumy ykrar edilen halkara kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Konstitusion Kanunyň esasy maksady her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, parahatçylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ugurda goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halk bilen jebis işleniljekdigine ynandyryp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty K.Babaýew Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra mejlis Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Seýidowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, halka hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň başyny başlady. Şol özgertmeler häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. B.Seýidowa mejlisde ýaş türkmenistanlylary döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň çekmek, olaryň sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri babatdaky ymtylmalaryny höweslendirmek, ýaşlary watançylyk hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek boýunça uly işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.

Mejlisiň deputatlary öz işinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alarlar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns bermeginiň netijesinde täze okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şol mekdeplerde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredildi, zerur bolan ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilen sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Munuň özi sportuň muşdaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda ýaşlarymyz dürli dilleri suwara bilýärler. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen bilim ojaklarynyň ençemesi hereket edýär.

Soňra mejlisde Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýewe söz berildi. Ol Halk Maslahatynyň şu günki geçirilen mejlisiniň halkymyz üçin taryhy waka bolup durýandygyny belledi. G.Ataýew bu mejlise gatnaşmagyň özi üçin hormatdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlara uly üns berýändigini, ýaşuly nesle ägirt uly hormat goýýandygyny buýsanç bilen nygtady. Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşynda ýaş nesliň döwletiň durmuşyndaky ornuna aýratyn üns berdi. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş türkmenistanlylara ägirt uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly il ýaşulusynyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu mejlisde ýaşlar barada aýdan parasatly sözleri, olaryň öňünde goýlan wezipeler halkymyzyň arasynda giňden wagyz ediler. Munuň üçin ähli zerur şertler dörediler.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri islendik işde ýaşululara sala salýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi we onuň düzgünnamasynyň tassyklanylmagy hem ýurdumyzda döwletli tutumlar tutulanda ýaşulularyň pähim-pendine uly ornuň degişlidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine täze saýlanan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow