Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.04.2023
2908

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly özüne hem-de maşgala agzalaryna gynanç bildirendigi we duýgudaşlyk sözlerini beýan edendigi üçin türk Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Kyn günlerde hakyky dost-dogan hökmünde görkezilýän raýdaşlyk Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň nyşany bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe bilen köpugurly we uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygy, häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ýokary depginde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde ynanyşmak hem-de birek-biregi özara goldamak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk kompaniýalary we işewürleri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hem ýokary derejä eýedir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de täze ugurlar boýunça ýokary depginde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri gynanç we duýgudaşlyk bildirendigi üçin dostlukly döwletiň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ony mukaddes Oraza aýy we ýetip gelýän nurana Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk we bagt, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow