Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.04.2023
2835

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz goňşy döwletiň Baştutanyna mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Baştutanynyň şeýle agyr pursatda duýgudaşlyk etmegine ýokary baha berýändigini belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Arkadagymyza ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan edip, Ogulabat ejäniň türkmen zenanyna mahsus adamkärçiliginiň, ynsanperwerliginiň hakydalarda hemişelik galjakdygyny aýtdy we Beýik Biribardan merhumyň ýakynlaryna ruhy durnuklylyk, sabyr-kanagat diledi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, ýurdumyzyň Özbegistan Respublikasy bilen köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletiň arasynda syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Bu gatnaşyklar dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça, şeýle-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine iri halkara guramalaryň çäklerinde çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklary giňeldilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitara gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, depginli ösdürilýär. Umumy pikire görä, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar — munuň özi birek-birege hormat-sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän, doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň we deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we umumy bähbitlere laýyklykda, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly aýdan medet beriji sözleri üçin goňşy döwletiň Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Baştutanyny mukaddes Oraza aýy we ýakynlaşyp gelýän Oraza baýramy bilen gutlady hem-de ähli doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, ylalaşygyň, hoşniýetliligiň we özara düşünişmegiň aýy bolan Remezan aýynda Beýik Biribardan iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş dileg etdi.

Hoşlaşanlarynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow