Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
Çap edildi 11.04.2023
1956

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Iň mähriban hem-de ýakyn ynsan — Siziň käbäňiziň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy we duýgudaşlyk sözlerimi kabul ediň!

Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen zenanynyň belent mertebeliliginiň hem-de asyllylygynyň nusgasy hökmünde biziň hakydamyzda hemişelik galar.

Şu agyr pursatda Size, maşgalaňyza we ýakynlaryňyza çuňňur duýgudaşlyk sözlerini beýan edýärin. Goý, käbäňiz hakyndaky ýagty ýatlamalar şu gaýgyly günlerde Size medet bersin!

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdik.

Ömrüni türkmen halkyna we maşgalasyna hyzmat etmäge bagyş eden Ogulabat Berdimuhamedowa baradaky nurana ýatlamalaryň hemmeleriň kalbynda ebedilik galjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu agyr pursatda gam-gussaňyzy paýlaşmak bilen, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, çuňňur gynanjymy beýan edýärin, Size hem-de Siziň maşgalaňyza sabyr-takat dileýärin!

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Siziň mähriban käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Meniň özümiň hem bir ýyl mundan ozal ejem aradan çykdy we munuň nähili agyr yza berýändigini bilýärin.

Siziň käbäňiz ömrüni mynasyp ýaşan zenanyň ajaýyp nusgasydyr. Onuň milli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň goralyp saklanmagyna goşan goşandynyň türkmen halkynyň geljekki nesillerini bu işi dowam etdirmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bu agyr pursatda Siz, Siziň maşgalaňyz hem-de Türkmenistanyň halky barada oýlanýandygymy hem-de dileg edýändigimi ynandyrmak isleýärin. Siziň maşgalaňyzyň hem-de dostlaryňyzyň goldaw bermeginde rahatlyk tapmagyňyzy dileg edýärin. Goý, ýagty ýatlamalar Size kuwwat bersin!

Siziň hem-de Siziň perzentleriňiziň bu beýik mirasy mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynanýaryn.

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň deputatlarynyň, Tatarystanyň Halklaryň assambleýasy Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Siziň maşgalaňyzyň hem-de tutuş doganlyk türkmen halkynyň başyna düşen gam-gussany paýlaşýarys. Size, ýakynlaryňyza we garyndaşlaryňyza gujur-gaýrat we sabyr-kanagat dileg edýärin.

Farid Muhametşin,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy,

Tatarystanyň Halklaryň assambleýasy Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow