Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Sport
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Çap edildi 07.04.2023
2952

Şu gün tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi gün-günden giňelýär, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Arkadag şäherindäki Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýanyndaky meýdança geldi.

Aýdym-sazly çykyşlar bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň dabarasyny artdyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň netijeli amala aşyrýan beýik işleriniň senasy bolup ýaňlandy.

Hormatly Arkadagymyz ýygnananlary ähli ýerde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň öňüni çekdi. Ýurdumyzda ynsan saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr. Bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň maksady halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketiniň, sportuň ösdürilmegine, bu ugra ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Döwlet baýdagynyň sütüni dikeldilen meýdançanyň daşyndan aýlanyp, Arkadag şäheriniň köçeleri boýunça ýoly dowam etdirdiler.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş düzümler guruldy. Arkadag şäherinde bina edilen lukmançylyk desgalary ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň saglygy, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de olaryň halkara ülňülere laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taslamalary ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis meýdançalaryny we beýlekileri öz içine alýar.

Hormatly Arkadagymyz welosipedli ýörişiň dowamynda şäheriň ähli künjekleriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň, ýokary ekologik ýagdaýynyň, şäher ilaty üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň häkimine birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Täze şäheriň gurluşygynda häzirki zaman usullarynyň hem-de iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy “akylly” şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine, ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy hem-de abadan durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilbaglaryny, gök zolaklaryny talabalaýyk derejede saklamak boýunça işleriň toplumlaýyn ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. Munuň özi häzirki döwrüň üýtgewsiz talabydyr.

Halkyň, şol sanda ýaş nesliň saglygyny goramak we berkitmek Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň esasy şertleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty hemmetaraplaýyn ösdürmäge zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, sportuň ekologik taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosipedli ýörişleriň guralmagy ähmiýetlidir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara ähli döwürde boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär we anyk peýda getirýär diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunda atçylyk sportuna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmegiň, at üstündäki oýunlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz sportuň bu görnüşleriniň adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsiriniň bardygyny belledi. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak, sportuň atçylyk we beýleki görnüşleri ýaşlarda şahsy häsiýetiň döremegini, tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini ösdürýär. Bu bolsa jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň baş şertini emele getirýär.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Arkadagymyz şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy hem-de merkeziň baş direktory bilen gürrüňdeş bolup, toplumyň çäginiň arassaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.

Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesi we ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylandygyny, onda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Arkadagymyz onuň ýanynda lukmançylyk işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ugurdaş desgalary hem-de merkeziň çägindäki çagalar üçin ýüzüş howdanlaryny synlap, olaryň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Sebäbi suwda ýüzmek operasiýadan soňky bejeriş döwründe saglygy berkitmäge ýardam berýär. Bu ýerde gurlan oýun meýdançalarynda ak çägäniň dökülmegi çagalaryň şadyýan oýnamaklaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň saglygy üçin ýaramlydyr. Hormatly Arkadagymyz lukmançylyk işgärleri üçin naharhanany gurmak üçin amatly ýeri saýlap almagyň gerekdigini, şeýle-de onuň çäkleriniň, binalaryň arassaçylyk ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Munuň özi hemmämiziň sagdynlygy hemra edinýändigimiziň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Soňra hormatly Arkadagymyz toplumyň çäginden çykyp, merkeziň işgärleri üçin niýetlenen binalarda ýerleşdirilen ýazgylara ünsi çekdi. Olaryň hemmesi göze gelüwli, many-mazmunly bolmalydyr diýip, Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Lukmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýanyndaky ugurdaş desgalary, dürli dessur çärelerini geçirmek üçin gurlan binany, sport we çagalar üçin meýdançalary synlap, hormatly Arkadagymyz abadanlaşdyryş işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de olary enjamlaşdyrmak babatda belliklerini aýdyp, bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýynyň bir öýüne baryp gördi hem-de onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi, giňligi, üçekleriniň beýikligi bilen tanyşdy. Gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetirildi. Biz bu işleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýene bir gezek Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow