Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 06.12.2016
1458

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine, mizemez doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň we geljek üçin meýilnamalaryň amala aşyrylmagy babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bar bolan köp ugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda we beýleki birnäçe ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň saýlanan Prezidenti türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi iki goňşy halkyň taryhy taýdan emele gelen medeni gatnaşyklary, olaryň ruhy gymmatlyklarynyň we köpasyrlyk däpleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir. Şeýle hem söhbetdeşler telefon gepleşiginiň barşynda sebitiň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy saklamak maksadynda tagallalary birleşdirmek işinde taraplaryň işjeň garaýyşlary tassyklanyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow