Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 20.03.2023
1030

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we tutuş doganlyk türkmen halkyna baharyň, täzelenişiň we galkynyşyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklary müňýyllyklaryň dowamynda bu baýramy uly şatlyk, ruhubelentlik bilen garşylaýar we belleýär.
Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi, çuňlaşdyrylýandygy, strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykandygy bizi aýratyn begendirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli we depginli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Şunuň ýaly nurana günlerde Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Halkara Nowruz gününiň ýetip gelmegi bilen gutlaýaryn we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.
Gadymy döwürlerden bäri dabaralandyrylýan bu baýramyň döredijilik ruhly başlangyçlarydyr taglymlary häzirki döwrüň özboluşly şertlerinde has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Nowruza mahsus dost-doganlyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, goldaw bermek däpleri häzirki döwürde bizi parahatçylygyň, abadançylygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň, halklarymyzyň nurana geljeginiň üpjün edilmeginiň bähbidine tagallalarymyzy birleşdirmäge çagyrýar.
Ýurtlarymyzyň täze umyt-arzuwlar bilen, Nowruzyň mizemez gymmatlyklaryndan ugur alyp, mundan beýläk-de strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde dostlukly gatnaşyklaryny ösdürjekdigine ynam bildirýärin.
Baharyň şu şatlykly günlerinde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk, durnukly ösüş arzuw edýärin!
Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!
Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Tebigatyň hemişelik sazlaşygyna bolan hormaty alamatlandyrýan bu milli baýram biziň halklarymyzyň tutuş adamzat medeniýetine gymmatly goşandydyr. Täzeçilligiň, tämizligiň, gözelligiň aýdyň nyşany bolan bu baýram adamlaryň ýüregine şatlyk eçilýär, özara düşünişmek, dostluk we bitewülik ýörelgeleriniň dabarasyny belende göterýär.
2023-nji ýylyň martynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana amala aşyran saparyňyza uly ähmiýet berýärin we duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Azerbaýjan-türkmen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Nowruzyň asylly ýörelgelerine hemişe ýokary baha berýän biziň halklarymyzyň hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Şu nurana günlerde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we doganlyk Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýokary döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyny baharyň gelmegini, ýaşaýşy we tebigatyň gülleýşini alamatlandyrýan gadymy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bahar täze durmuşyň, täzelenişiň ýakymyny getirýär we ol topragy janlandyrýar, tebigaty gözelleşdirýär. Allatagalanyň çäksiz gudratyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy däpleriň, täze durmuşyň başlangyjy bolmak bilen, ýüreklere şatlyk, ruhubelentlik eçilýär. Parahatçylygy, söýgini, ruhy taýdan gülläp ösüşi, medeni gymmatlyklary aýdyňlygy bilen görkezýär.
Nowruzyň däplerinden gözbaş alýan gadymy taryhy-medeni gatnaşyklaryň umumylygyna daýanyp, ýurtlarymyzyň iki halkyň abadançylygynyň we ösüşiniň bähbidine dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürjekdigine ynanýaryn.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagt dileýärin.
Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Nowruz baýramy mynasybetli, şeýle-de mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna we ähli halklara parahatçylyk, rowaçlyk dileýärin.
Goý, Beýik Allatagala biziň doga-dileglerimizi öz dergähinde kabul etsin!
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow