Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 10.03.2023
2435

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi. Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Häzirki döwürde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, başga-da birnäçe ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, şol sanda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlara nyşanlary hem-de döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde meýilnama esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär. Saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri, ýerleşjek binalary, saýlaw okruglarynyň serhetleşýän araçäkleri kesgitlenildi. Olar baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi. Syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlar toparlaryndan milli synçylar bellige alyndy. Şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça makalalar çap edilýär, saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwrüň talaplaryna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Döwlet etalon merkeziniň düzümlerine sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet etalon merkeziniň işiniň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň bitewi ulgamyny üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hiliniň, howpsuzlygynyň barlaglaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. Şundan ugur alyp, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra şu ýylyň 5 — 8-nji marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG tarapyndan geçirilen maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, plenar mejlisleriň barşynda Türkmenistanyň içeri ykdysady syýasaty we döredijilikli daşary syýasy strategiýasy, halkara söwdasy, sebitleýin hyzmatdaşlygy barada çykyş edildi. Foruma gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan sebitde az derejede ösen ýurtlary goldamak boýunça durmuş ähmiýetli desgalaryň gurlandygy, ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, sebitde ygtybarly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, üstaşyr gaz we elektrik geçirijileriň çekilýändigi, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy barada gürrüň berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda dünýäniň durmuş we ykdysady taýdan goraglylygyny has-da pugtalandyrmak babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär, ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny işjeň ilerletmek hem-de maýa goýumlary çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda netijeli tejribe alyşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler, hususan-da, ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Onda birleşmäniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer. Şeýle hem bu senä gabatlanan maslahatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawynda göz öňünde tutulan bu serginiň hem-de maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer 15-nji martda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-tatar işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahata Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, onuň sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen dürli ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny belläp, wise-premýere ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 20 — 22-nji marty aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde, syýahatçylyk kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi, wise-premýere we degişli ýolbaşçylara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de bilim ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de halkara ugurdaş düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, ony hereket edýän halkara kadalara laýyk getirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zerur bolan hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk we hukuk goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy ýaly iri düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça teklipler beýan edildi. BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan şu ýylda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň ençemesi boýunça çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şol gatnaşyklar degişli hukuk we bilim binýadyny kemala getirmegi, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, ugurdaş gulluklaryň işini kämilleşdirmegi, tejribe alyşmagy we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem bu müdirlik “Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” işläp düzmek babatda Türkmenistana tehniki we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hasabatyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymy üçin hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriniň meýilnamasyny amala aşyrmak babatdaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň BMG, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklara, şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de dünýä bileleşiginiň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbede bolmagynyň çäklerinde Prezident Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda köp ugurlary öz içine alýan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda Täjigistana meýilleşdirilen döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle-de şu ýylyň sentýabrynda Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti bilen bagly meselä deglip geçildi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen geňeşmeleriň barşynda strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen taryhyň dowamynda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Täjigistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ol ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Biziň döwletlerimiz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýärler. Häzirki wagtda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy toplanan köpýyllyk tejribä daýanyp, giň mümkinçiliklere we uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatyň netijeli peýdalanylmagy däp bolan döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meselesi barada hasabat berdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ösen demir ýol düzümli iri halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň biri bolup durýandygyny hem-de ulag ulgamynda daşary ýurtlar we halkara düzümler, şol sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän bu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag geçelgeleriniň çatrygy hökmünde derejesiniň ýokarlanýandygyny belledi hem-de bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, birnäçe möhüm meselelere seredilendigini, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow