Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
Jemgyýet
Parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
Çap edildi 06.03.2023
2237

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek möwsümi işjeň dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu gezekki saýlawlaryň türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.

Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzy has ýokary depginler bilen ösdürmek baradaky gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler, özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň käbir ugurlaryny anyklaşdyrýarlar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Milli parlamentde, ýerli dolandyryş, häkimiýet edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmäge hukuk gazanmak ugrunda ildeşlerimiziň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan raýatlaryň dalaşgärlik edýändiklerini bellemek gerek. Häzirki wagtda merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy çap edildi, olaryň milli telewideniýedäki çykyşlary başlandy.

Saýlawlara taýýarlyk görmek çäreleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, saýlawçylaryň hukuklary barada ýörite gepleşikler taýýarlanylýar, bu syýasy çärä taýýarlyk görmek babatda düzgünleri düşündirmek işleri alnyp barylýar.

Ýakyn wagtda GDA-nyň synçylar topary işe girişer. Onuň düzümine Arkalaşyga agza döwletleriň wekilleri — parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri giriziler.

Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler babatda düýpli üýtgetmeleriň girizilendigini hem-de onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Syýasy partiýalaryň üçüsi — Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan peýdalandylar. Dalaşgärleriň bir bölegi raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, telewideniýede, radioda, beýleki metbugat serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Saýlawlara taýýarlyk baradaky täze habarlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda çap edilýär.

Milli we halkara synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Munuň özi saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Şu gezekki saýlaw möwsümi möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäredir. Ol demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, syýasy-jemgyýetçilik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, hakyky halk häkimiýetlilik taglymlaryny berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda raýat aňyýetini täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
top-arrow