Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 27.02.2023
1582

Hormatly watandaşlar!

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Men ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we umumydünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary, maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmekde amala aşyrylýar.

Hormatly watandaşlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan bize Türkmenistanyň ýene-de bir möhüm başlangyjynyň kabul edilendigi baradaky şatlykly habar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, men, ilki bilen, mähriban türkmen halkymy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli dostlukly işgärlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Aşgabatda 2007-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Hökümeti sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn yzygiderli goldaw berýär. Hususan-da, onuň syýasy-diplomatik gatnaşyklary öňe sürmekde, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalaryny we başlangyçlaryny goldaýar.

Geçen döwrüň içinde sebit merkezi Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy pugtalandyrmakda netijeli gatnaşyklary goldamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde netijeli baglanyşdyryjy ulgam hökmünde özüni görkezdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, men bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden ähli döwletlere we onuň taslamasyny goldan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk we hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy bilen geljekde-de bilelikde ysnyşykly iş alyp barar.

Hormatly watandaşlar!

Siziň ähliňizi bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03
Geljege maýa goýumlar: strategik ösüşiň täze ugry
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow