Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Çap edildi 17.02.2023
1609

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mübärekläp, strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar, logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi. Şeýlelikde, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny bildirdi. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berildi. Ýakynda Aşgabatda geçirilen hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam beren bilelikdäki işewürlik maslahaty munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň ýurdumyz bilen dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, söwda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary, hususan-da, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk taryhyň dowamynda kemala gelen, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow