Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler dowam etdirilýär.
Şu ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny demokratik ýörelgeler esasynda, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemek açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilýär. Dalaşgärleri bellige almak işleri 28-nji fewrala çenli dowam eder. Möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw toparlary, dalaşgärler, synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy.
Mejlisde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.
Mejlisiň wekiliýeti şu ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Turkestan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Parlamentara foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesi okaldy. Onuň mejlisleriniň barşynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Mejlisiň kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy ykrar edilen halkara hukuk namalary bilen içgin tanyşmagyň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, olary milli kanunçylyk tejribesinde göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine geçip, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň, saýlawlaryň aýanlygyny we açyklygyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň köp çagaly, şeýle hem zähmetde we jemgyýetçilik işlerinde tapawutlanan zenanlaryny döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeleriň geçirilendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hususylaşdyrmak we döwletiň garamagyndan aýyrmak boýunça wezipeleriň möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynda hususy pudagyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine, umuman, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini çözmäge täzeçe çemeleşmek, ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak babatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär.
Ýurdumyz boýunça 580 müň gektar meýdanda gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek maksady bilen, ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, gallaçylar şu ýylyň hasyly üçin ekilen jemi 690 müň gektar bugdaý meýdanyny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini, gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini we onuň amatly möhletlerde geçirilmegini, bugdaýyň, “ak altynyň” we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekerançylary sebitleriň toprak-howa şertlerine durnukly, ýokary hilli gowaça we beýleki ekinleriň tohumlary bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere olaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyny okgunly ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň wajypdygyny nygtap, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurdaky işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň ilaty azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri netijeli amala aşyrmak, Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de olaryň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň alyp barýan işleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmagyň hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi hem-de amala aşyrylýan bu işleriň esasy maksadynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Milli senenamamyzda esasy baýramlaryň biri bolan Halkara zenanlar güni bahar paslynyň ilkinji aýynda Türkmenistanda giňden bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde giň gerimli baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Baýramçylyga gabatlanyp, “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemi jemleniler, “Talyp gözeli — 2023” atly gözellik bäsleşigi, köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala — sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi geçiriler.
7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolanlary sylaglamak dabarasy geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda mähriban enelerimize, uýalarymyza we ähli zenanlara çuňňur hormatyň nyşanyna öwrülen bu ajaýyp bahar baýramynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda uly hormata eýe bolan zenanlar barada döwletimiz tarapyndan hemişe alada ediljekdigini, olaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleriň dörediljekdigini, zenanlaryň zähmetiniň, hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goraljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, olara ýaşlaryň gatnaşmagyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda we Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli Kararlara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere resminamalaryň doly ýerine ýetirilmegine we bilimli, sagdyn ýaş nesli terbiýelemek üçin şertleriň hem-de olaryň innowasion tehnologiýalary, täze bilimleri özleşdirmegi babatda mümkinçilikleriň döredilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri” hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO klublarynyň açylmagy dünýä ähmiýetli işe ýaş nesliň işjeň gatnaşmagynda möhüm ädim bolup, talyplaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, dil baýlyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça Ylalaşyga gol çekmek dabaralary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň ýaşlary umumadamzat we milli gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemäge, olarda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, sebit hem-de ählumumy derejede deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu döredijilikli ugur we hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary döwletimize halkara giňişlikde uly abraý getirdi. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, diplomatlar we olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertleri üpjün edilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa milli diplomatik gullugyň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gullugyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmekde mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen tüýs ýürekden gutlady we parahatçylyk söýüjiligiň, bitaraplygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyklygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda we halkara gatnaşyklarynda esasy ýörelgeler bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyz kabul edilen resminamalardan ugur alyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugry bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär. Bu strategiýa milli bähbitlere hem-de ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi.
Döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň işgärleriniň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam etjekdiklerine ynam bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň 13-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işiň çäklerinde Türkmenistan halkara derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar ulgamynda degişli işleri geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti agzalan Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan anyk işler bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi we bu babatda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler giňişleýin beýan edildi. Ýurdumyzyň diwersifikasiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda pes uglerodly energiýany ösdürmäge üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” ýerine ýetirilişi, döwlet Baştutanymyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlary beýan edildi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň aýratyn orny nygtaldy. Bu babatda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly we ygtybarly ulag gatnawlarynyň üpjün edilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmek boýunça iri milli hem-de sebit taslamalaryny amala aşyrmak baradaky başlangyçlar beýan edildi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň Bütindünýä maslahatynda kabul edilen çözgütleriň hem-de 2015 — 2030-njy ýyllar üçin degişli Çarçuwaly maksatnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan şeýle hem halkara söwda ulgamynda hyzmatdaşlyga jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Sammitiň çäklerinde BSG-niň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistana goşulyşýan döwlet, ýagny “işjeň synçy” derejesiniň berilmegi bu guramanyň çäklerinde işi işjeňleşdirmäge hem-de geljekde onuň doly hukukly agzasy bolmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe teklipler, şol sanda BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şeýle hem degişli düzüm birligini açmak, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmek, öňümizdäki aýda ýurdumyzyň wekiliýetini hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewa (Şweýsariýa Konfederasiýasy) şäherine gulluk iş saparyna ibermek teklip edilýär. Ženewada bu guramanyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe uly üns berýändigini nygtady. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyz jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara forumlaryň meýdançalarynda işjeň gatnaşyk edip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer, ekologiýa ýaly ileri tutulýan ulgamlarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýöriteleşdirilen düzümler, hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistana BSG-ä goşulyşýan döwletiň derejesiniň berilmegi bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edip, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etdirmegi, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň pudaklaýyn kärhanalaryny tehnologik taýdan täzelemek, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ýurdumyzda köpugurly, bäsdeşlige ukyply ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini hem-de milli aragatnaşyk ulgamyna halkara tejribeden ugur almak bilen, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün möhüm meseleleriň birnäçesine garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.