Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Miras” žurnaly: halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde täze ylmy barlaglar
Jemgyýet
“Miras” žurnaly: halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde täze ylmy barlaglar
Çap edildi 12.02.2023
2235

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri hem-de täze açyşlar baradaky makalalary özünde jemleýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli Gutlaglary, şeýle-de “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy ýerleşdirilipdir.

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde “Parfiýa — Bitaraplyk derejesi halkara şertnamalarda hasaba alnan dünýä taryhyndaky ilkinji döwlet” atly makala ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory birnäçe taryhy çeşmeleri seljermegiň esasynda Parfiýa hem-de Rim imperiýasynyň özara gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Parfiýa miladydan öňki 69-njy we 66-njy ýyllarda Pompeý bilen şertnama baglaşyp, ilkinji gezek Bitaraplyk derejesini tassyklady. Makalada bellenilişi ýaly, bu şertnama dünýä taryhynyň “altyn sahypalary” boldy. Çünki taryhda ilkinji gezek Bitaraplyk derejesi hukuk taýdan hasaba alyndy. Parfiýanyň bütin taryhyň dowamynda rimliler bilen çaknyşyklarda sowukganlylyk görkezendigine, şunuň bilen birlikde, parahatçylyk söýüji we bitarap bolmagyň gowşak bolmagy aňlatmaýandygyny tassyklandygyna üns çekilýär.

Bu bölümde ýerleşdirilen başga bir makalada türki dilli halklarda giňden ýaýran “Görogly” ýordumy, dürli ýurtlaryň alymlarynyň bu ugurda alyp baran ylmy-barlag işleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem žurnalda okyjylaryň dykgatyna “Seljuk diplomatiýasynda ok-ýaýyň orny” atly makala hödürlenilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, türkmen halky oky we ýaýy mukaddes hasaplapdyr, şunuň bilen bagly gözbaşyny otparazçylyk eýýamyndan alyp gaýdýan däp-dessurlar saklanyp galypdyr. Seljuk soltanlarynyň diplomatiýasynda ýaragyň bu gadymy görnüşi ilçilere we ilçihanalara dahylly nyşan hökmünde kabul edilipdir. Umuman, makalada Oguz hanyň ok-ýaýynyň şekiliniň çuňňur mana eýedigi we türkmen halkynyň diplomatiýasynyň parahatçylyk dörediji güýjüne şaýatlyk edýändigi nygtalýar.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň, hususan-da, Merwiň dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni we ylym-bilim gatnaşyklary baradaky makala ýerleşdirilipdir. Onda Günorta Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna aýratyn üns çekilýär. Makalada getirilen maglumatlara görä, ýurdumyzyň häzirki çäklerinde ýaşan alymlar Gündogar yslam medeniýetini kämilleşdirmekde ähmiýetli orny eýeläp, dünýä taryhyna saldamly goşant goşupdyrlar.

“Türkmeniň milli oýunlary şekillendiriş sungatynda” atly makalada munuň halk döredijiliginiň gadymy kökleri bolan özboluşly görnüşleriniň biridigi nygtalýar. Aýdylanlaryň subutnamasy hökmünde makalanyň awtorlary Çendir jülgesiniň Bezeglidere ýadygärliginde gaýalaryň ýüzüne çekilen suratlar barada gürrüň berýärler. Milli oýunlary çeperçilik taýdan şekillendirmek däbi taryhyň dürli döwürlerindäki şekillendiriş sungatynda dowam edip gelýär hem-de türkmen suratkeşleriniň işlerinde öz beýanyny tapýar. Awtorlaryň belleýişleri ýaly, milli oýunlary suratlandyrýan çeper eserler türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny, durmuşyny hem-de dünýägaraýşyny, çeperçilik aňyny kämilleşdirýän güýç bolup çykyş edýär.

Žurnalyň nobatdaky sany ýurdumyzyň geçen ýylyň dördünji çärýegindäki jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna berilýän syn bilen tamamlanýar. Bu bölümde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýän wakalar öz beýanyny tapdy. Köp sanly fotosuratlar, şol sanda muzeý we arhiw gymmatlyklarynyň suratlary türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilen makalalaryň üstüni ýetirýär.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow