Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy
Çap edildi 08.02.2023
2764

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi. Medet beriji sözleriň ynsan ruhuny götermekde örän ýerliklidigini uzak ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenler taryhyň tutuş dowamynda goňşy ýurtlar bilen dostluk we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeler esasynda gatnaşyk saklaýarlar, agyr pursatlarda doganlyk goluny uzadýarlar. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelgeler häzirki wagtda döwrüň ruhuna laýyklykda ösdürilýär.

Hormatly Arkadagymyz Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly möçberli weýrançylyklara getirendigini gynanç bilen belläp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýede agyr betbagtçylygyň bolandygyny, bu tebigy hadysada köp sanly adamlaryň şehit bolandygyny, müňlerçe adama şikes ýetendigini aýdyp, özüniň çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň adyndan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana, ähli türk halkyna gynanjyny bildirip, «Boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adyndan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurt bilen hyzmatdaşlygyň Arkadagly Serdarymyzyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň bilelikdäki tagallalary netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly halkyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň umumydygyny belläp, türkmen halkynyň “Söýenişen ýykylmaz” diýen parasatly sözünden ugur alnyp, şu agyr pursatda doganlyk türk halkyna zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan ýene-de bir gezek medet beriji sözlerini beýan etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de türk halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we beýan edilen medet beriji sözleri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýetirjekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň ilçihana gelip gynanç bildirmegi tutuş türk halkyna bildirilýän beýik mertebedir diýip, ilçi nygtady.

Tebigy heläkçilik zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ýene bir gezek türk halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow