Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Çap edildi 06.02.2023
1649

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamyndaky çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem 2023-nji ýylyň iş meýilnamasynda bellenilen wezipeler barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň we onuň sebit bölümleriniň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklaryň onlarçasy, geňeşmeler geçirildi. Olaryň barşynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy.

Geçen ýylda Türkmenistanyň wekiliýeti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Onda 2024-nji ýyly türkmen halkynyň beýik akyldarynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça türkmen keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky karar biragyzdan kabul edildi.

Mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Ýurdumyz geljek nesiller üçin dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy, medeni, tebigy gymmatlyklary gorap saklamak ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýar. Agzalan Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginde bar bolan özboluşly taryhy desgalary — Gadymy Merwi, Köneürgenji we Gadymy Nusaý galasyny seçip aldylar. Olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi.

“Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnama boýunça birnäçe milli ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky teklipler mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen bilelikde Köýtendagyň dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň we “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraply hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. “Dünýä hatyrasy” halkara maksatnamasy boýunça “Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!” atly gollanma taýýarlanyldy.

ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky meselelere garaldy.

Mejlisde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras — geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Daşky gurşawy goramak: ýaşlarda ekologiýa bilimi we medeniýeti ösdürmek” kafedrasyny döretmek baradaky resminamalaryň taýýarlanylandygy we guramanyň Sekretariatyna iberilendigi nygtaldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça işler geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri” we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly ÝUNESKO klublary açyldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda guramanyň iri düzümleýin bölümlerinde, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, sanly taslamalarda we maglumat alyşmalarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere garaldy hem-de beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
top-arrow