Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 21.01.2023
1689

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Bu baýram Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramy bolmak bilen, tebigatyň janlanmagyny, täze başlangyçlary we mümkinçilikleri alamatlandyrýar. Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan bu baýram hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär, maşgala agzybirligine, asuda we sazlaşykly ýaşaýşa ýardam berýär.

Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygy strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Biz bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyrys.

Ýakynda Siziň beýik ýurduňyza amala aşyran ilkinji döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz açyk we ynanyşykly gepleşikleri geçirdik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdyk, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk maksatlary kesgitledik. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan güni — 6-njy ýanwarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Munuň özi däp bolan dostlukly gatnaşyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady we umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.


Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow