Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 13.01.2023
1639

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda ykdysady işiň hukuk esaslaryny, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny berkitmäge ýardam edýän kanunlar işlenip taýýarlanylýar we hereket edýän hukuk namalary kämilleşdirilýär. Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny, şonuň esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edildi. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, şeýle hem syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görýärler.

Şeýle hem şu ýyl Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Mejlisiň deputatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirýärler, öz saýlaw okruglarynda ýerleşýän edara-kärhanalarda, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde 2023-nji ýylyň şygaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş-özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan duşuşyklary geçirýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, 11-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we ony bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklibi biragyzdan goldadylar.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Hökümeti, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat babatda aýdylyp, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, Milli Geňeşiň wekilleriniň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde HHR-de döwletara çärelere, dostlukly ýurduň parlamentarileri bilen duşuşyklara gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary parlamentara gatnaşyklary we parlament diplomatiýasyny işjeňleşdirmek meselesi barada durup geçip, şu ýylyň 8 — 10-njy ýanwary aralygynda Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 13-nji plenar mejlisine, şeýle hem onuň çäklerinde guralan çärelere gatnaşandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinden ugur alnyp, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyny berkitmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitleri kadaly hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm meselelere ünsi çekdi hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleri öz wagtynda amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaz serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika, senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk toplumynyň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň barşyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri halkara bileleşige giňden görkezmäge we şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyna üns çekilip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, şu ýylyň 20-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler, şeýle hem syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýan hem-de Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik we hoşmeýillilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän döwrebap syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerine we kuwwatyna bagyşlanan iri çäreleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak üçin has oňaýly şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle aň-paýhas bäsleşikleriniň geçirilmeginiň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga däl, eýsem, dürli halklar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň esasynda işlenip düzüldi.

Resminama ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur bolan işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär.

Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli amala aşyrmak babatda diplomatik gullugyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdüriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, ählumumy möçberde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmegiň we durmuşa geçirmegiň, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli ähli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen iş meýilnamasyny makullap, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň Türkmenistanyň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edip, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny has-da belende galdyrmak işine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, port hojalygynyň tehniki üpjünçiligi, döwrebap serişdeleri almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow port düzüminiň pugtalandyrylmagynyň we döwrebaplaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda işleriň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň jemini jemläp, şu gün birnäçe meselelere garalandygyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow