Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.01.2023
1211

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýyl Türkmenistanyň taryhy şanly wakalara baý boldy. Siz demokratik, açyklyk we adalatlylyk esasynda geçen saýlawlarda iň ýokary döwlet wezipesine saýlandyňyz. Şeýlelikde, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurduň halkara abraýyny pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösüşini, türkmen topragynyň abadançylygyny, rowaçlygyny berkitmek işi dowam etdirildi. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda 2023-nji ýylda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine, ösüşiň strategik maksatlarynyň gazanyljakdygyna pugta ynanýaryn.

Men mähriban Watanym bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga hemişe taýýardyryn we täze ýylda Siziň bilen duşuşmaga şatdyryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, giň möçberli syýasy we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin, şeýle-de eziz watandaşlaryma — ähli türkmenistanlylara tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg KONONENKO,

Türkmenistanyň we Russiýa 

Federasiýasynyň Gahrymany,

instruktor, synagçy-kosmonawt, “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar 

toparynyň serkerdesi.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Geçen ýylyň noýabr aýynda guramanyň Samarkant şäherinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň taryhy sammiti oňa agza we synçy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykardy. Biz “Türki dünýäniň geljegi — 2040” başlangyjynyň çäklerinde has-da ýakynlaşmak ugrundaky işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.

Pursatdan peýdalanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz bilen duşuşygymyz ýakyn döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döretdi diýip hasaplaýaryn. Şeýle hem biziň guramamyzyň işine goldaw berýändigiňiz üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirýärin we 2023-nji ýylyň biziň sebitimiz, ýurtlarymyz we tutuş adamzat üçin örän netijeli bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kubanyçbek ÖMÜRАLIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň 

Baş sekretary.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow