Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.01.2023
888

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dünýä halklarynyň raýdaşlygynyň we dostlugynyň pugtalandyryljakdygyna, tutuş dünýäde gapma-garşylyklaryň aradan aýrylyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň dabaralanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Täze ýylyň dünýäniň ähli halklaryna rowaçlyk getirmegini arzuw edýärin. Täze ýylyň ähli adamzat üçin sazlaşykly ýaşamagyň, ösüşe ýetmekde hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň ýyly boljakdygyna umyt edýärin. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, bilelikdäki tagallalarymyz bilen netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny iki tarapyň bähbidine has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigimi bellemek isleýärin.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin!

Sizi tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Abdel Fattah Al Sisi,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gyrgyz Respublikasy ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini maksat edinýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, 2023-nji ýyl hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýyly bolsun!

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly Täze ýyly arzuw edýärin.

Wladimir Zelenskiý,

Ukrainanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Täze ýylda Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduňyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Kim Çen Yn,

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy.

Soňky habarlar
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow