Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 04.01.2023
1082

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda hem-de kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara alyp, täze taryhy eýýamda döwletimizi ösdürmek bilen baglylykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Milli Geňeşiň agzalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy hem-de 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle hem ýylyň şygarynyň syýasy we durmuş babatdaky ähmiýetini wagyz etmek boýunça çäreler meýilnamalaýyn esasda geçirilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen bagly giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda sebitiň täze edara ediş merkezine baryp gördi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamasy bilen tanşyp, onuň çäklerinde göz öňünde tutulan gurluşyk işlerine ak pata berdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi we olara bu ýerde alnyp barylýan işler boýunça gymmatly maslahatlaryny berdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş-ykdysady ösüşlerine we giň gerimli özgertmelerine täze itergi berdi. Şol özgertmeleriň baş maksadynyň her bir raýatyň bähbidine, halkymyzyň abadançylygyna, adamlaryň aň-biliminiň, intellektual kuwwatynyň, mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň many-mazmunyny dolulygyna açyp görkezýär. Halk Maslahatynyň agzalary häzirki döwrüň şanly wakalaryny, şol sanda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi we onuň nyşanynyň tassyklanylmagy bilen bagly wakalary wagyz etmäge işjeň gatnaşýarlar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamlarynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudaklary özgertmek hem-de olaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan doly peýdalanmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, maýa goýum syýasatynyň işjeňligini artdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçirilýän özgertmeler esasynda milli ykdysadyýeti innowasion ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bazar ykdysadyýetiniň gurallaryny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Sarp edijileri nebit önümleriniň zerur möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan netijeli çäreler görülýär, hususan-da, nebit önümleriniň kabul edilişine, saklanylyşyna, goýberilişine, daşalyşyna hem-de peýdalanylyşyna gözegçilik edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý tebigy uglewodorod serişdelerini öwrenmäge, netijeli we rejeli ulanmaga toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni üpjün etmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem wise-premýer “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde ýerleşýän “Çeleken ýangümmez” gurluşyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi nebitgaz ýataklaryny çalt depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi çig nebitiň çykarylýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmakdaky ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow suw üpjünçiligi hem-de suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň suw hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek arkaly, goşmaça suw gorlaryny döretmek hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklaryny suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2023-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberini ähli suw çeşmelerinden ugur alyp, degişli möçberde tassyklamak barada taýýarlanan Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary okgunly ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, hödürlenen Buýruga gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we şu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň Watany bolan ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda bu ugurda toplan tejribesini hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny we alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerini ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, gözegçilik edýän ulgamlarynda kärhanalaryň ählisiniň bökdençsiz işlemegi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Çözgüdiň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda pudaklaryň hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli giňeltmegiň hasabyna diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän düzümleriniň, hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşini giňeltmegiň söwda toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta önümlerini ýerlemek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatynyň ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň mysalyna öwrülendigini belledi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri dowamly giňeldilýär.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmegiň meseleleri hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu şanly waka mynasybetli degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri TÜRKSOÝ bilen bilelikde birnäçe dabaralary we çäreleri geçirmegi meýilleşdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy, şol sanda gadymy Änewiň ýadygärlikleri, bu ýerde edilen arheologik açyşlar giňden wagyz edilmäge hem-de mundan beýläk-de ylmy taýdan düýpli öwrenilmäge mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmäge, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda ministrlikleriň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň teklipleri esasynda, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek işi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamyny okgunly ösdürmäge hem-de ylmyň dürli ulgamlarynda işlejek ýaş alymlary taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň ylmy we intellektual kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, möhüm ugurlarda düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer şu ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly X türkmen-german forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu gezekki foruma Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri hem sanly ulgam arkaly gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäniň, şol sanda GFR-iň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilýän bu forum türkmen we nemes lukmanlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň ýurtlary, şol sanda Aziýa sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy aýratyn orun eýeleýär. Bu döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Hytaý iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi. Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek bilen, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýokary, hökümetara we pudagara derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, onuň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözegçilik edýän düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag toplumynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow