Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan täze, 2023-nji ýyly uly üstünlikler, beýik maksatlar bilen garşylady
Jemgyýet
Türkmenistan täze, 2023-nji ýyly uly üstünlikler, beýik maksatlar bilen garşylady
Çap edildi 31.12.2022
13115

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak täze, 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar.

2023-nji ýyly uly dabaralar bilen garşylaýan paýtagtymyzda baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçýär. Aşgabadyň medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerinde folklor hem-de estrada toparlary, aýdymçylar çykyş edýärler. Ine, şu günem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada we “Ylham” seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp guralan konsertde belli estrada aýdymçylary, ýaş ýerine ýetirijiler dürli aýdymlary bilen çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlarda ata Watanymyzyň, onuň tebigatynyň waspy, söýgi, gözellik, ýagşylyk, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklar öz beýanyny tapdy.

Paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny bir ýere jemlän, Täze ýyl baýramynyň esasy wakalarynyň geçýän ýeri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançanyň bezegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar. Köpetdagyň etegindäki binalaryň bir bitewi sazlaşygy bu ýerde guralan dabaralara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ählimiz üçin täze eýýamyň nyşanyna öwrülen Garaşsyz Watanymyzyň paýtagtynyň bu täsin künjeginde häzirki döwrüň depginli ösüşi aýdyň duýulýar.

Bezelen arça, joşgunly aýdym-sazlar, ýaşlaryň şadyýan sesi bu baýramyň özboluşlylygyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalara bolan mähirli garaýşyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy hem-de ýaş türkmenistanlylary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.

Özygtyýarly döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysyna “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen giren 2022-nji ýyly ugradyp, biz geçen wakalary ýatlaýarys, olaryň ähmiýetine baha berýäris hem-de geljek üçin meýilnamalary kesgitleýäris. Konsert sahnasynyň ýanynda gurnalan monitorda möhüm wakalaryň, gazanylan uly üstünlikleriň, giň gerimli başlangyçlaryň ýyly bolan 2022-nji ýylyň iň ajaýyp we ähmiýetli wakalary beýan edilýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Tamamlanyp barýan 2022-nji ýyl taryhy wakalara baý bolup, Türkmenistan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” adyna eýe bolan ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçip barýan ýylyň möhüm taryhy wakasy boldy. Saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagy, halkymyzy esasy gymmatlyklaryň töweregine jebisleşdirmegi ugur edinýän ýurdumyzyň eýerýän ýörelgesiniň mizemezdigini görkezdi. Şol gymmatlyklaryň esasynda bolsa özygtyýarlylyk, durnuklylyk, parahatçylyk we ylalaşyklylyk durýar. Halkymyz ata Watanymyzyň röwşen geljegini aýdyň beýan eden, ýaş hem gujurly Lider Serdar Berdimuhamedowy saýlady. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgede öz beýanyny tapýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren strategik ugrunda mynasyp dowamyny tapdy. Şol ýörelgäniň özeni “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen sözlerde jemlenýär.

2022-nji ýylyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy, Garaşsyz türkmen döwletiniň senenamasyna ýurdumyzyň halkara abraýynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna, ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän wakalary ýazdy. Bu ýylda paýtagtymyzy hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini özleşdirmäge ýardam berýän birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Hut durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlar Watanymyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy bolmagynda galdy. Ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek maksady bilen, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi.

Ýaşlar syýasaty ulgamyndaky maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi täze depgine eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilendigini we “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini bellemek ýerlikli bolar. Watansöýüji, bilimli, ukyp-başarnykly, beden we ahlak taýdan sagdyn, terbiýeli nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu wezipeler hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda anyk kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ýetip gelen 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzy hem-de Watanymyzy täze üstünliklere, ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize goýulýan belent hormatyň nyşanydyr, Arkadagly Serdarymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň, häzirki hem-de geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmegidir.

2022-nji ýylda, halkara derejede bolşy ýaly, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we ruhy taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna degişli içeri syýasat babatda hem ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli ykdysadyýeti innowasion esasda mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge tarap alnan ugur dowam etdirildi, halkyň durmuş derejesini, hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar durmuşa geçirildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda halkara gaz geçirijileriň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, iri senagat-önümçilik kärhanalarynyň, durmuş, lukmançylyk we sport maksatly desgalardyr binalaryň, täze şäherçeleriň, obalaryň, şäherleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyklary amala aşyrylýar. Bu beýik başlangyçlar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün edýär.

Tamamlanyp barýan ýylda ykdysadyýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi, oba hojalygy, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, gurluşyk, medeniýet, sungat ulgamlarynda belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyryp, dünýä derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürýän parahatçylyk dörediji döwlet, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Bitarap Watanymyzyň nobatdaky döwür üçin daşary syýasatynyň esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýada kesgitlenildi. Geçen döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri boldy. Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmekde täze eýýamy açýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini, şol sanda energetika we ekologik howpsuzlyk, harby gapma-garşylyklar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan taýýarlanylan we onuň başlangyjy boýunça kabul edilen birnäçe Kararnamalary Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama şolaryň hataryndadyr. BMG-ä agza döwletleriň 68-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Kararnamada ýurdumyzyň ozal öňe süren parahatçylyk döredijilikli başlangyjy öz beýanyny tapdy.

Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Bu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy, meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanýan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

Alypbaryjylar bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan özgertmeleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna welaýatlar hem goşulýarlar. Paýtagtymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň edara ediş merkezleri bilen baglanyşdyrýan monitorlar ruhyýetiň we medeniýetiň hakyky ojaklaryna öwrülen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda ýerleşdirilipdir. Ine, bu günem şol ýerlerde meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli Täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly ýaşulular, häkimler, ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzy, ähli halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymdyr tanslar ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda sebitlerimiz toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Tamamlanyp barýan ýyl ildeşlerimiz üçin ençeme möhüm başlangyçlara we çözgütlere beslendi. Olar welaýatlaryň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Maýa goýumlary netijeli özleşdirmek, täze önümçilik toplumlaryny gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek, ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, telekeçiligi goldamak, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygy, ilaty ýaşaýyş jaý, ýokary hilli lukmançylyk, bilim we beýleki durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek bilen bagly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezindedir.

Giň möçberli özgertmeler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy we oňa “Arkadag” adynyň dakylmagy 2022-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda boldy. Gysga döwrüň içinde ýerli hünärmenler gözelligi, döwrebaplygy, sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen göreni haýran galdyrýan “akylly” şäheri gurdular. Ýakynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleriniň we ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşany bolan bu giň möçberli taslamanyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi.

Özboluşly binagärligi bilen tapawutlanyp, täze binalara beslenýän Aşgabat ýyl-ýyldan gözelleşýär. Biz ýurdumyza gelýän myhmanlara söýgüli şäherimizi uly buýsanç bilen görkezýäris. Aşgabat ýylyň islendik paslynda-da gözeldir.

Hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň we çagalaryň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gutlaglaryna bu ajaýyp agşam çagy ýurdumyzyň Baş arçasynyň töweregine ýygnanan sungat ussatlary, köp sanly döredijilik toparlary goşulýarlar.

Konsert “Täze ýylyň ak ýolunda” atly aýdym bilen açylýar. Onuň yzysüre “Arkadag şäheri” atly aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirilýär. Bu aýdym Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurulýan täze şähere bagyşlanandyr. Şeýle hem konsert maksatnamasyna hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgulary esasynda döredilen “Aşgabat”, “Bagt nury”, “Ýadymda” atly aýdymlar girizildi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Arkadagymyzyň ähli ildeşlerimize “Dowam bolsun!” atly täze goşgusyny sowgat edendigini aýratyn bellemek gerek.

Şygyr setirlerinde türkmen jemgyýetiniň döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar:

Giň jahanda dostluk berkäp,

Şatlyk-gülki, owaz bolsun!

Türkmeniň döwletli ýoly,

Ak geljege dowam bolsun!

Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary Watanymyzyň täze taryhy eýýamyny wasp edýän aýdymlary, milli aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar Täze ýyl arzuwlaryny beýan edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar ajaýyp horeografik kompozisiýalar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Salam, Täze ýyl!” atly aýdym ýaňlandy. Artistler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy, ýurdumyzyň ähli halkyny Täze ýyl bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrýan özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Biziň täze günümiz, röwşen geljegimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň möçberli işleri bilen baglanyşyklydyr. Şu dabaraly pursatda meýdançada ýygnananlaryň hemmesini, ähli türkmenistanlylary Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine bolan uly buýsanç duýgusy gaplap alýar.

2022-nji ýylyň soňky minutlary şeýle dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Şol minutlarda özümize we öz ýakynlarymyza eden ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun!

Baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri Aşgabadyň asmanyny bezäp, özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrýar. Goý, ýetip gelen 2023-nji ýyl bizi öňde goýan beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow