Baş sahypa
\
Türkmen tebigatyň gözelligi
\
Sünt-Hasardag goraghanasynyň gözellikleri
Türkmen tebigatyň gözelligi
Sünt-Hasardag goraghanasynyň gözellikleri
Çap edildi 31.12.2022
9897

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda, Balkan welaýatynda umumy meýdany 30 müň gektara golaý Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy ýerleşýär. Ol yigrimi bäş ýyl ozal, ilki Köpetdag goraghanasynyň şahamçasy, soň bolsa özbaşdak goraghana hökmünde döredildi. Onuň çäklerine Sünt-Hasardag gerşi, Çendir derýasynyň deresi we Aýdere jülgesinde ýerleşýän Aýdere bölümçesi girýär. Dag gerişleri çuň (birnäçe ýüz metre ýetýän) jülgeler we dereler bilen kesilýär. Goraghananyň demirgazyk bölegi dik gaýaly eňňitlerde ýerleşýär, günorta bölegi bolsa oňa görä, has endigan. Goraghana Günorta-Günbatar Köpetdagyň täsin dag jülgeli tokaýlaryny goramak we öwrenmek üçin döredildi.

Bu ýeriniň ösümlik dünýäsi, hakykatdanam, täsin!

Alymlar onda Ortaýer deňziniň ösümlikleriniň, şeýle hem irland gelip çykyşly ösümlikleriň köp görnüşiniň bardygyny anykladylar, goraghananyň tebigatyny Orta Aziýa ösümlikleri has-da bezeýär. Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsinde 926 görnüş bar. Bu ýerde ilkinji gezek ýokary ösümlikleriň 38 görnüşi, şol sanda 11 sany täze görnüşi ýüze çykaryldy.

Goraghananyň güýz reňklerine boýalan jülgeleri we dereleri ýatdan çykmajak täsir galdyrýar! Eňňitlerde armyt, erik, alma, badam, hoz ýaly ýabany miweli agaçlaryň dürli görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Goraghanada ekme däne we iýmlik ösümlikleriň iň ýakyn kowumlary egilops, ýabany süle, arpa, çowdary-da ösýär. Türkmen mandragorasy, Komarowyň atropasy, Raddäniň hozy, Ewbenkiň irisi, çynar agajy, ýabany nar, hoz, şahaly badam, beresklet we ş.m. ösümlik görnüşleri hut şu ýerde köp duş gelýär.

Bu ýerde mör-möjekleriň we teňňe ganatlylaryň köp görnüşi bar. Süýrenjiler dünýäsi-de diýseň dürli. Daglarda inçe gömülgen, alabeder gurt ýylan, üýtgeýän oligodon we Orta Aziýa kepjebaşy ýaly görnüşler ýaşaýar. Dag bilen düzlükleriň arasynda wagtal-wagtal sary garynly, arkasy gyzyl, dürli reňkli we menekli ýylanlar, pars eýrenisi, ok ýylan, kör ýylan gabat gelýär. Goraghanada we onuň daş-töwereginde zäherli ýylanlardan, kepjebaşdan başga-da, göklors, alahöwren duş gelýär.

Goraghananyň daglarynda Gyzyl kitaba girizilen sakarbalak, bürgüt, ütelgi, laçyn we gara leglek höwürtge gurýarlar. Gyzyl kitapda, şeýle hem, süýrenijiler bilen iýmitlenýän we esasan çölleşen baýyrlyklarda ýaşaýan ýyrtyjy bürgüt hem bar.

Goraghanada gaplaňlaryň we beýleki ýyrtyjy haýwanlaryň baş sanyny gorap saklaýarlar.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow