Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Açyklyk we özara düşünişmek — netijeli gatnaşyklaryň binýady
Syýasy habarlar
Açyklyk we özara düşünişmek — netijeli gatnaşyklaryň binýady
Çap edildi 29.12.2022
1445

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha çuň many-mazmuna eýe bolýar.

Döwletara gatnaşyklara mahsus bolan ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmaga mümkinçilik berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, golaýda Özbegistana amala aşyran saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda möhüm ähmiýetli gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwrüň sebitdäki hem-de dünýädäki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda guralýandygy nygtaldy. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeliligi bähbitleriň umumylygy we ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň derwaýys halkara we sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleri ýakyndyr ýa-da gabat gelýändir. Munuň özi sebitde ösüşi, durnuklylygy üpjün etmek babatda tagallalary birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Söhbetdeşler iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini we Merkezi Aziýada parahatçylygy, ylalaşyklylygy saklamakda aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi sebitde we onuň çäginden uzaklarda ýagdaýyň okgunly üýtgeýändigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Bu bolsa türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygy yzygiderli ösýär. Soňky ýyllarda biz haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrdyk we elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmeýäris diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalygy, senagat, ulag we logistika ulgamlarynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklaryň hem ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol gatnaşyklar iki goňşy ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär.

Söhbetdeşler taraplaryň ähli ulgamlarda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belläp, köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýetip gelýän Täze ýyl bilen birek-biregi gutladylar, 2023-nji ýylyň iki ýurt hem-de olaryň doganlyk halklary üçin üstünlikli, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
top-arrow