Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 16.12.2022
1242

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we halkyňyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny saýlap almak baradaky çözgüdini ilkinjileriň hatarynda goldan ýurtlaryň biri bolmak bilen hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, dürli sebitleýin we halkara düzümlerde bu syýasaty goldamagyny dowam edýär.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk dileg edýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,

Eýran Yslam 

Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Partiýanyň we Hytaýyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ХХ gurultaýynyň üstünlikli geçendigi hem-de HKP-niň MK-nyň 20-nji çagyrylyşynyň Birinji plenumynda partiýanyň täze merkezi ýolbaşçy düzüminiň saýlanmagy, şeýle hem meniň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

HKP-niň gurultaýynyň möhüm netijelerine hem-de uly ähmiýetine ýokary baha bermegiňiz partiýa we Hytaýyň halkyna, şeýle hem hut meniň özüme Siziň ýakymly, dostlukly garaýşyňyzy äşgär edýär.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan soňra geçen 30 ýylyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetildi.

Soňky ýyllarda Hytaý bilen Türkmenistan birek-biregi berk goldaýar hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, munuň özi iki ýurduň ösüşine täze itergi berýär, halkara we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de strategik häsiýetli ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Si Szinpin,

Hytaýyň Kommunistik 

partiýasynyň Merkezi 

Komitetiniň Baş sekretary,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow