Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.11.2016
1307

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň iberen mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de dostlukly ýurduň hökümetiniň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýýandygyny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Belarusuň ýolbaşçylaryna hem-de tutuş halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dostlugyň mäkäm esaslaryna hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini belledi. Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň üstünlikli işi bilen gutlady. Myhman forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini aýdyp, ulag aragatnaşyklarynyň halkara ulgamyny döretmegiň meseleleri boýunça ýurdumyzyň tutýan öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi. M.Mýasnikowiç maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle derejedäki duşuşygyň dünýä taryhynda täze sahypany açýandygyny, wekiliýetleriň uly düzüminiň bolsa gozgalýan meseläniň wajypdygynyň hem-de Milletler Bileleşiginiň agzalarynyň onuň çözgüdini bilelikde tapmaga gyzyklanmasynyň subutnamasydygyny nygtady. Milli Liderimiz XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň ýakynlaşmaga tarap ymtylmagyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriň, döwletleriň hem-de sebitleriň tehniki we tehnologik kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu forumyň netijeleriniň ygtybarly ulag ulgamyny üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we umuman, durnukly ösüş Maksatlarynyň berjaý edilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan hem-de köpugurly, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Häzirki zaman tapgyrda soňky ýyllarda bilelikde işleşmegiň toplanan tejribesi nazara alnyp täze mümkinçilikler açylýar. Şol işleriň hatarynda Lebap welaýatynda iri möçberli senagat desgasy bolan Garlykdaky kaliý duzlaryna örän baý käniň binýadynda kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bar. Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni örän oňat tanadan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny ibermek babatda öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeli özara hereket edilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça aragatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma tassyklanyldy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy M.Mýasnikowiç syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow gatnaşdy.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow