Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Birinji üçtaraplaýyn Sammit giňişleýin düzümde dowam edýär
Syýasy habarlar
Birinji üçtaraplaýyn Sammit giňişleýin düzümde dowam edýär
Çap edildi 14.12.2022
1297

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammit giňişleýin düzümde dowam edýär.

Taraplar ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara, sebitleýin we halkara derejesinde strategiki häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem özara gatnaşyklaryň üçtaraplaýyn görnüşiniň däp bolan dostlukly, ynamdar gatnaşyklary berkitmek we gatnaşygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow