Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 26.11.2016
1291

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutany bilen salamlaşyp, Türkmenistana gelmek hem-de ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän we halkara ulag meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin gruzin kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Döwletimiziň syýasatynyň esasy ýörelgesi parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de taraplaryň iri halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde işjeň özara hereket edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtady. Öz nobatynda, Prezident Giorgi Margwelaşwili Türkmenistan tarapyndan başy başlanan hem-de ýokary derejede guralan maslahata gatnaşmaga çakylyk, göwnaçyklyk we myhmansöýerlik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy halkara maslahatynyň açylyşynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlap, adamzadyň durnukly ösüşinde onuň örän uly ähmiýetini nygtady. Şeýle wekilçilikli çäräniň Aşgabatda geçirilmeginiň özi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan ösüşlere beslenen syýasatynyň netijesi bolup durýar diýip, Gruziýanyň Baştutany aýtdy. Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlarynyň oňyn häsiýetlidigini belläp, olary goldamakda we öňe ilerletmekde gruzin tarapyndan mundan beýläk-de ýardam beriljekdigini aýtdy. Şunda belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem iki dostlukly döwletiň bar bolan mümkinçilikleri we ösüşiň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp guralýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Gruziýanyň taýýardygyny we gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň barşynda mundan beýläkki türkmen-gruzin özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyz diňe bir sebitde däl, umuman, bütin dünýäde hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň daşary syýasat maksatnamasynyň möhüm ugurlary barada gürrüň berip, halkara derejesinde ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny Gruziýanyň goldaýandygyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek baradaky Kararnamalaryň taslamalarynyň Gruziýanyň iki gezek awtordaşy bolup çykyş edendigini kanagatlanma bilen nygtady, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegi bilen bagşlanyşykly meseleleriň çözülmeginde türkmen tarapynyň ýörelgelerini goldaýandygy üçin öz gruzin kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Logistika düzüminiň döredilmegi diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem, umuman, sebit üçin hem uly ähmiýete eýe bolar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Söhbetdeşler iki ýurduň geografik taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklarynyň hem-de ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň ägirt uly meýilleriniň, aýratyn-da, ählumumy ykdysady aragatnaşyklarynyň ýygjamlaşýandygy bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ýagdaý bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Şu babatda deňiz ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde agzaldy. Şonuň bilen birlikde, dostlukly döwletiň Baştutany ýol-ulag düzümini kemala getirmegiň, şol sanda köprüleri gurmagyň ähmiýetlidigini belledi. Belent mertebeli myhman Gara we Hazar deňzi sebitleriniň ýakynlaşmagy nukdaýnazaryndan Gruziýanyň möhüm orun tutýandygyny nygtap, ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş etmäge öz ýurdunyň taýýardygyny tassyklady. Ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgi Margwelaşwili netijeli syýasy gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Ýurtlaryň ikisinde hem ösdürilmegine uly üns berilýän syýahatçylyk ugry boýunça hem özara hereket etmäge oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgi Margwelaşwili iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-gruzin netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow