Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Syýasy habarlar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Çap edildi 13.12.2022
1827

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji duşuşygy üç ýurduň milli ykdysadyýetleriniň esasy ugry bolan strategik energetika ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Onuň netijeleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meselelerine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de bilelikdäki işiň soňky ýyllarda gazanylan oňyn tejribesini hem-de bar bolan serişdeler we önümçilik kuwwatyny nazara almak bilen, täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň geljekki sammitiniň şu ýolda möhüm ädim boljakdygyna, dostlukly ýurtlaryň we doganlyk halklaryň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow