Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2022
1427

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Dünýäde ygtybarly hasaplanylýan türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysy bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara giňişlikde iş alyp barýan işewür toparlaryň milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistana gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny belläp, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda türk kompaniýalarynyň, şol sanda “Polimeksiň” netijeli iş alyp baryp, durmuş we senagat maksatly köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Ygtybarly we jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen “Polimeks” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga çemeleşmesine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň öz ösüşinde belli daşary ýurt kompaniýalarynyň täzeçil işläp taýýarlamalaryny çekmegi esasy ugur edinýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Erol Tabanja “Polimeksiň” Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow