Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
Çap edildi 09.12.2022
970

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.

Myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

K.Kosaçýowyň belleýşi ýaly, Russiýada ykdysady ösüş babatda ýokary görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär hem-de köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýändiklerini nygtap, geçen ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, Federal Geňeşiň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz golaýda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň netijeleri boýunça taryhy resminama — Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn parlamentara topary döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berer.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmäge, zenanlaryň hem-de ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýene-de bir gezek birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki dostlukly halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow