Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 09.12.2022
2850

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ählihalk baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli degişli topar tarapyndan geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Asylly däbe eýerip, döwlet Baştutanymyz iş kesilen 308 raýatyň ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi we toparyň başlygyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine — maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy we mejlise gatnaşyjylary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň nobatdaky möhüm halkara üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul edip we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş edendigini hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda bu başlangyjyň goldanylandygyny, şonuň netijesinde “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini nygtap, ýygnananlary hem-de ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan bu uly we möhüm üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanylandygyny belledi. Bu maksatnamalaýyn resminamada ýakyn ýedi ýyllyk döwür üçin döwletimiziň daşary syýasatynyň hem-de halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeler we çemeleşmeler öz beýanyny tapýar.

Soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Biz dünýäniň dürli künjeklerinde we sebitlerinde, şol sanda ýurdumyzyň çäkleriniň ýakynynda ýüze çykýan çylşyrymly syýasy ýagdaýlaryň şaýady bolýarys. Şol bir wagtda soňky üç ýylda agyr şertlerde geçen we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir eden koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar indi kadalaşýar. Özara gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek we ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ýagdaýlar döwletimiziň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny we abraýyny berkitmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni bähbitlerini öňe sürmek işine has oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň halkara bähbitlerini talabalaýyk durmuşa geçirmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty iki ugur boýunça, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli sebitleriniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan özüniň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýar, agza bolan halkara guramalarynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine yzygiderli ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz halkara guramalar bilen bilelikde milli derejede kabul edilen uzak möhletli maksatnamalary we meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri geçirýär.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk babatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny görkezmek bolar. Türkmenistan indi 30 ýylyň içinde bu abraýly halkara gurama bilen netijeli işläp gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. BMG bilen gatnaşyklarda ýurdumyz syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylyşyny artdyrmak, öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny giňeltmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak hem-de ynsanperwer wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlary hemişe öňdäki orunda goýýar. Dünýä syýasatynyň gün tertibine girýän bu derwaýys halkara meseleler Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri bolup durýar.

Garaşsyz döwletimiz köp ýyllaryň dowamynda halkara guramalaryň ýöriteleşdirilen edaralaryna we düzümlerine agzalyga saýlanýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz uly we oňyn tejribe toplady. Şol tejribäni milli we halkara bähbitlere ulanmak üçin agzalyk bilen bagly degişli işleri dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Hususan-da, öňümizdäki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika komissiýasyna, Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, Ykdysady we Durmuş geňeşine, Howpsuzlyk Geňeşine, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna hem-de beýleki düzümlerine agzalyga saýlanmagy ugrunda degişli işleri geçirmek möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine dürli Kararnamalaryň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklipleri hödürleýär. Häzire çenli Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hödürlemegi netijesinde Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi. Häzirki 77-nji mejlisde ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklara hem uly ähmiýet berýär. Hususan-da, söwda, energetika, ulaglar, maýa goýumlar we beýleki ugurlar özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň arasynda möhüm orun alýar. Bu ugurlarda Türkmenistan agza ýurtlar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Geçen ýyl ýurdumyzyň bu gurama üstünlikli başlyklyk etmegi netijesinde, onuň işleri örän işjeňleşdi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyz geçen ýylyň noýabryndan bäri guramanyň düzümine synçy derejesinde gatnaşýar. Bu guramanyň dürli çärelerini, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklaryny Türkmenistanda geçirmek boýunça hem zerur bolan işleri alyp barmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygymyz soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan bu guramanyň maksatnamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Ýaňy-ýakynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylyň «Meşhur türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Türkmenistanyň gadymy we taryhy Änew şäheriniň «2024-nji ýyl üçin türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi barada çözgütler kabul edildi. Bu möhüm çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek üçin, indiki ýyldan başlap, TÜRKSOÝ bilen bilelikde degişli taýýarlyk işlerine girişmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny hem ösdürer. Bu işde ikitaraplaýyn derejede we «Ýewropa — Merkezi Aziýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça iş alyp barmak möhümdir. Şeýle hem bu guramalar bilen bilelikde taýýarlanylýan taslamalary we maksatnamalary netijeli amala aşyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem degişli işleri alyp barýar. Gurama tarapyndan geçirilýän çärelere, hususan-da, ykdysady forumlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy barada aýdylanda, ýurdumyz onuň agzasy bolmasa-da, geçirilýän ýokary derejeli çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Bu halkara guramanyň düzümine girýän ýurtlar bilen dürli ugurlarda ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy hem giň gerimde alnyp barylýar. Ýurdumyz bu guramanyň assosiirlenen agzasy hökmünde onuň işlerine işjeň gatnaşýar. Ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, bilelikdäki önümçilik, söwda, innowasiýalar we täze tehnologiýalar ýaly pudaklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezmek bolar. 2019-njy ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Aşgabatda geçirilen sammitinde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «GDA-nyň agza ýurtlarynyň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bular barada aýdyp, GDA bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

ÝUNESKO bilen gatnaşyklarymyz hem ýokary derejede alnyp barylýar. Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny üpjün edýän 12 sany halkara konwensiýa we resminama goşuldy. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň hökümetara düzümlerine-de agza hökmünde işjeň gatnaşýar.

Geçen döwürde ýurdumyzda möhüm taryhy-medeni ýadygärlikler bolan Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem halkymyzyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym-saz sungaty, halyçylyk sungaty hem-de dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungaty, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bu guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Türkmenistan mundan beýläk hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşar.

Garaşsyz döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýdylanda, ýurdumyz bu ugurda milli bähbitlerimizden, bitarap daşary syýasatymyzdan ugur alyp, ähli döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklarymyz strategik häsiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň iýun aýynda özüniň bu ýurda bolan resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, hususan-da, howpsuzlyk, energetika, ulaglar, oba hojalygy, söwda, maliýe-bank ulgamy, bilim, medeniýet we lukmançylyk pudaklary boýunça bilelikdäki hereketleri has-da ösdürmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Biziň döwletimiz bitaraplyk derejesinden ugur alyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gyradeň esasda gatnaşyklary saklaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geljekde syýasy, howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek möhümdir.

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, belent sepgitlere çykdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz HHR bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan biziň goňşy we dost-doganlyk ýurtlarymyz bolup durýar. Bu ýurtlar bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz hil taýdan ýokary derejä çykdy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şu ýylda bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň çäklerinde birnäçe gezek duşuşyklarymyz boldy. Gepleşiklerde Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de degişli teklipler öňe sürüldi.

Eýran we Owganystan goňşy ýurtlarymyz bolup durýar. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz kadaly tertipde ösýär. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasy bilen häzirki wagtda energetika, ulag, söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynda Türkiýe Respublikasyna giň orun berilýär. Bu döwlet bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz ýylsaýyn ösýär we giňeýär. Biz strategik derejede alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda mundan beýläk-de kämilleşdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Belarus, Ukraina, Moldowa, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa bilen gatnaşyklarymyz hem durnukly derejede alnyp barylýar. Türkmenistan bu döwletler bilen özara hereketlere ähmiýet berip, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Geljekde hem bu ýurtlar bilen bilelikdäki hereketleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Aziýa — Ýuwaş umman sebiti hem biziň üçin möhüm ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, Ýaponiýa, Hindistan, Pakistan, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly gatnaşyklary has-da ösdürmegi meýilleşdirýäris.

Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk hem netijeli alnyp barylýar. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti ýokary derejede geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň dowamynda seredilen meseleleriň we gazanylan ylalaşyklaryň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belledi.

Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem döwletimiziň halkara işlerinde wajyp orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ýurtlar bilen özara hereketleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistan Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Saud Arabystany Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti we Oman Soltanlygy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek zerurdyr.

Ýakyn Gündogar sebitinde ýerleşýän Ysraýyl Döwleti we Palestina bilen gatnaşyklara uly üns berilýär we geljekde bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur işler geçirilmelidir.

Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlygy giňelder. Daşary syýasatymyzyň bu ugruny ösdürmek üçin Afrika yklymynyň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem uly tagallalar edilýär. Türkmenistan dünýäniň ykdysady-hojalyk ulgamyna has ýakyndan gatnaşmagyny üpjün etmäge çalyşýar. Munuň üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dürli döwletler hem-de halkara maliýe-ykdysady guramalar we toparlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmegi boýunça tutanýerli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana bu gurama goşulýan ýurt, ýagny «işjeň synçy» derejesi berildi. Guramanyň agzalygy babatda ýurdumyza bildirilýän talaplary doly berjaý etmek bilen, bu ugurdaky işleri we çäreleri dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parlament diplomatiýasyny ösdürmek meselesine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklaryň işjeň giňeldilmeginiň dowam edilmelidigini nygtady. Parlamentara hyzmatdaşlygyň şu ýyl gazanylan tejribesi parlament diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Koreýa Respublikasyna, şeýle hem Türkiýäniň we Azerbaýjanyň parlament başlyklarynyň ýurdumyza bolan saparlaryny, Aşgabatda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa — Russiýa» Parlamentara forumyny mysal hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde, elbetde, ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, milli diplomatik gullugyň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň we konsullyk edaralarymyzyň maliýe hem-de maddy-tehniki şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu işleri mundan beýläk-de gözegçilikde saklamak we has-da kämilleşdirmek arkaly dowam etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, umuman, döwletimiz we Hökümetimiz parasatly, oýlanyşykly daşary syýasat ugrunyň ýokary derejede alnyp barylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, dürli döwletler, halkara guramalar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem köp ýyllardan bäri döwletimiziň diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur işleri edýändigini, ony işgärler bilen berkidýändigini, maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün edýändigini belledi. Aýdylanlary dowam edip, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky» Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna ýaşamak üçin döwrebap şertleri döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasynyň işgärleri üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe Kararlara — «Täjigistan Respublikasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda»; “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkezini döretmek hakynda”; “Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, wise-premýer R.Meredowyň köp ýyllardan bäri Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýändigini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasowa söz berildi. Ilçi ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, täzeçil syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem iri halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan möhüm ugurlarydyr.

12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek we beýleki birnäçe ugurlar boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary netijesinde Watanymyzyň barha artýan belent abraýynyň aýdyň subutnamalarydyr.

Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, doganlyk halklaryny gadymdan gelýän medeni hem-de taryhy umumylyklar birleşdirýän Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde soňky wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy hem-de bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýär. Ähli ulgamlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Ýurdumyzyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat konsepsiýasynyň esasy maksatlaryndan ugur alyp, Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda dünýäniň ähli ýurtlary hem-de halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny goldamak ýurdumyzyň diplomatlarynyň mukaddes borjudyr. Şunuň bilen baglylykda, G.Elýasow diplomatik gullugyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. Doly ygtyýarly wekil ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň netijeli işlemegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän ajaýyp baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy dünýäde giňden bellenilýän hem-de uly milli baýramlarymyzyň biri hasaplanylýan Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň maksada laýyk işleri, amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde ata Watanymyz halkara derejede eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrýar. Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan, tutuş adamzat üçin ähmiýetli öňe sürülýän başlangyçlar ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli çözgütleri tapmaga Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Ilçiniň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleriň toplumy amala aşyrylýar. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, syýasy maslahatlaşmalaryň geçirilmegine, dünýäniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, işewürler maslahatlarynyň, medeni çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara we sebit ähmiýetli iri energetika hem-de ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýändigine aýratyn üns çekildi. Ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesiniň berilmegi daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezildi. Bu bolsa milli ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmäge, Türkmenistanyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda özara hereketleri çuňlaşdyrmak maksady bilen, şol sanda medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäni we täzeçil çözgütleri ornaşdyrmak üçin abraýly guramalar, hususan-da, BMG, ÝHHG, ÝB, ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti tarapyndan giňden ylalaşylan çözgüdiň esasynda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi hem türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

M.Çaryýew çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň adyndan diplomatik gullugyň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi. Ilçi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň döredijilikli ýörelgelerini, döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we şu mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibine degişli başlangyçlary giň ykrarnama eýe bolýar. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň döwrebap düzümi döredildi, onuň netijeli işlemegi üçin ähli şertler üpjün edildi, milli hünär mekdebi kemala getirildi. Bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli dowam etdirilýär, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär, diplomatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar, ilçihanalaryň we konsullyklaryň ulgamy giňeldilýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda mynasyp wekilçilik edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksadyndan ugur alnyp, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, degişli teklipleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär. Bu babatda şu gün hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri türkmen diplomatlarynyň öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýetip gelýän baýramy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guraly hökmünde ykrar edildi.

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, onuň halkara bileleşikde belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanylýar.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu sylagy minnetdarlyk bilen kabul edip, ony Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikdäki agzybirlikli işe berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, eziz Watanymyzyň okgunly ösmeginiň we onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine tutanýerli zähmetiň netijesinde belent maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýygnananlaryň adyndan döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, daşary syýasat ulgamynda uly oňyn tejribä eýe bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagy, dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň ilerledilmegi üçin ýadawsyz tagalla edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden, ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga degişli oňyn teklipleri dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly hyzmatlaryny nygtap, Arkadagly Serdarymyzy ýokary sylag bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we giň gerimli asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow