Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 07.12.2022
1371

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Alie Badara Kamarany Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Jenap Alie Badara Kamaranyň belent şahsy häsiýetleri özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp bolmak üçin ýerine ýetirer diýip aýtmaga esas berýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Kamarany kabul etmegiňizi hem-de onuň Size meniň adymdan we Sierra-Leone Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan aýtjak ähli sözlerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistana abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, şeýle-de Size çuňňur hormat goýýandygym hem-de tüýs ýürekden dostlugym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Julius Maada Bio,

Sierra-Leone Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow