Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 07.12.2022
997

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Sierra-Leone Respublikasynda döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň uly hormat-sarpa mynasyp bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, diplomat häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini çözmekde uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň ýokary mertebedigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Afrikanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Myhman döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, giň gerimli taslamalar we maksatnamalar bilen hem tanyşdyryldy.

Parlamentara gatnaşyklar, şol sanda halkara meýdançalarda — abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Ilçä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklaryň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamara iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow