Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda dünýä, syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar
Syýasy habarlar
Aşgabatda dünýä, syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar
Çap edildi 26.11.2016
1280

Ir bilen türkmen paýtagtynda işine başlaýan Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň açylmagynyň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär. Ählumumy foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň gatnaşmagy onuň derejesini has-da ýokarlandyrýar. Maslahata gatnaşmaga gelen wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar. Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň, BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri geldiler. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Türkmenistanda şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangçlarynyň Ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow