Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy
Medeniýet
Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy
Çap edildi 23.11.2022
1028

Şu gün türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýa oňyn netije berýär, biziň ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmegine ýardam edýär. Muňa ynsanperwer ulgamda türkmen-täjik özara alyşmalary hem aýdyň mysaldyr. Türkmenistan we Täjigistan ençeme gezek özara Medeniýet günlerini geçirdiler. Täjik alymlary, medeniýet işgärleri, döredijilik wekilleri Türkmenistanda guralýan halkara forumlara yzygiderli gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň berkidilmeginiň, döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri ýürekdeş dostlar hökmünde ýene-de türkmen topragynda duşuşdylar. Bu gezekki medeni çäräni ýokary derejede, many-mazmunly geçirmek üçin ýurdumyzyň iň gowy konsert zallary, teatr sahnalary, sergi meýdançalary foruma gatnaşyjylaryň ygtyýaryna berildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň medeniýet ministrleri foruma gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler, döwletara medeni gatnaşyklar üçin aýratyn waka hem-de Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolan bu gezekki çäräniň ähmiýetini nygtadylar.

Dostlukly ýurduň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen kärdeşlerine döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi we Täjigistanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda, iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde şu gezekki çäräniň ähmiýetini bellediler.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, dünýä we täjik nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary, joşgunly tans çykyşlary girizildi. Konsert Täjigistanyň meşhur döredijilik toparlary — G.Walmatzoda adyndaky “Lola” döwlet tans toparynyň, Täjigistanyň A.Juraýew adyndaky döwlet filarmoniýasynyň “Parastu” tans toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Hyýalbentlige syýahat” atly tans çykyşy bilen açyldy. Bu täsin tansyň üsti bilen täjik halkynyň myhmansöýer türkmen dostlaryna bolan hoşniýetli duýgulary we tüýs ýürekden hormat-sarpasy beýan edilýär.

Tomaşaçylara “Täjigistan şu gün” atly wideofilm görkezildi, onda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, paýtagt şäher Duşenbäni mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täjik halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler beýan edilýär.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda köpöwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy. Tomaşaçylar joşgunly el çarpyşmalar arkaly dünýä nusgawy saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetiren artistleriň zehinine baha berdiler. Bu ýerde halk sazlary hem ýaňlandy. Halk sazandalarynyň çykyşlary aýdym-saz agşamynyň aýratyn bezegi boldy, olar doýra, rubob, ud, naý we dutor ýaly gadymy saz gurallarynda täsin mukamlary ýerine ýetirdiler.

Tomaşaçylar Täjigistan Respublikasynyň S.Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň balet toparynyň gatnaşmagynda Amirjon Ruziýewiň ýerine ýetiren “Näzlim uz maňa” aýdymyny aýratyn tolgunma bilen diňlediler. Sanjar Sanginowyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy belent joşgun bilen ýaňlandy.

“Köpöwüşginli lybaslar” ady bilen geçirilen moda lybaslarynyň görkezilişi ýygnananlara uly lezzet paýlady. Onda belli täjik ussady, dürli bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi Furşed Sattorowyň taýýarlan egin-eşikleriniň nusgalary görkezildi.

Täjigistanyň çäklerinden uzakda-da meşhur bolan ýaş estrada aýdymçysy Çorşanbe Alowatowyň çykyşy hem konsertiň bezegine öwrüldi. “Central Asia Got — 2019” halkara telewizion bäsleşiginiň ýeňijisi täjik halk mukamynyň äheňlerinde döredilen “Seniň örüm saçlaryň” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Ýygnananlar “Lola” we “Parastu” meşhur tans toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda, sazyň awtory Nosir Safarzodanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dostluk sazy” atly sazly tans çykyşyny yzy üzülmeýän el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Tomaşaçylara Täjigistanyň täsin sungaty bilen duşuşygy peşgeş beren konserte gatnaşan ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Watana söýgi” atly aýdym ajaýyp dostluk baýramynyň jemlenmesi boldy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy köpöwüşginli bolup, täjik medeniýetiniň we sungatynyň gazananlary hem-de ösüş meýilleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Ertir günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi guralar. Onda Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungatynyň eserleri, neşir önümleri, fotosuratlar görkeziler. Sergide döwrebap modelýerleriň milli röwüşde taýýarlan lybaslarynyň toplumlary bilen hem tanşyp bolar. Lybas nusgalarynyň köpüsi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “çakan” atly täjik nagşy bilen bezelendir. Daşky gurşaw we kosmos bilen baglanyşykly hem-de adamlary, tebigaty baglanyşdyrýan gatnaşyklarda arzuw-umydy we gözelligi alamatlandyrýan simwolik, mifologik şekiller görnüşindäki bu gadymy nagyş häzirki zaman äheňinde ýerine ýetirilen owadan lybaslar arkaly beýan edilýär.

Sergä gelýänler Täjigistanda işlenip taýýarlanylýan gymmat bahaly daşlary synlap, olardan lezzet alyp bilerler, käbir täjik saz gurallary, agaç önümleri, milli tahýalar, sowgatlyk el işleri bilen tanşyp, süýjülikleri dadyp görerler. Dürli görnüşli neşir önümlerini synlap, Täjigistanyň taryhy we medeniýeti barada gyzykly maglumatlary alyp bolar.

Suratkeşlik we foto işleriniň aglaba bölegini ajaýyp tebigat şekilleri, portretler, Duşenbe şäheriniň ajaýyp künjeklerini şekillendirýän suratlar düzýär. Şeýle-de fotosuratlaryň köpüsi türkmen-täjik döwletara gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Olarda döwrüň ýürek urgusyny duýup bolýar. Fotosuratlar özara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan iki ýurduň we halkyň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamalarydyr.

“Aşgabat” kinoteatrynda iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy geçiriler hem-de täjik režissýorlarynyň soňky ýyllarda döreden we halkara kinofestiwallara gatnaşan filmleriniň görkezilişi bolar. Olaryň hatarynda ýazyjy Abror Zahiriň romany esasynda režissýor Muhammadrabi Ismoilowyň surata düşüren “Awçynyň soňky oljasy” filmi bar. Onda Saýod atly awçynyň halas eden gyzyny söýüp bagta ýetendigi barada gürrüň berilýär. Şeýle hem türkmen tomaşaçylary Muhabbat Sattorowanyň döreden “Durmuş tansy” atly çeper filmi bilen tanşyp bilerler, onda gyza tans sungatyny öwretmek bilen baglanyşykly maşgala gatnaşyklary barada gürrüň berilýär.

Täjik sungat ussatlarynyň çykyşlary 24-nji noýabrda “Watan” kinokonsert merkezinde dowam eder.

Täjigistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary şäherinde geçiriler. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçiriljek dostluk konsertinde türkmen we täjik artistleri çykyş ederler.

Täjigistanly myhmanlar üçin baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onda türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri, täsin muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyk çäreleri göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar